ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň söwda sammitinde eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň söwda ugrundan yzygiderli hyýanatçylyklara mundan beýläk çydam etmejegini we açyk hem deň söwda syýasatlary talap etjekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň söwda ugrundan barabarlygyň ýoklugy esasan Hytaýa we Ýaponiýa degişli. Tramp Aziýa edýän 11 günlük saparynyň başynda bu iki ýurda barypdy.
Aziýanyň we ABŞ-nyň arasyndaky söwda deňagramlylygynyň dikeldilmegi Trampyň “Amerika birinji” syýasatynda merkezi orun tutýar. Tramp munuň ABŞ-nyň işçilerini gorajakdygyny aýdýar.
Tramp geçmişde Hytaýy amerikanlaryň iş orunlaryny ogurlamakda aýyplapdy, emma soň şeýle ýiti çykyşlardan çekildi.
9-njy noýabrda Pekinde eden çykyşynda Tramp iki ýurduň arasyndaky adalatly bolmadyk söwda üçin Hytaýy aýyplamaýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Hytaý bilen söwdasyndaky difisiti geçen ýylda 310 milliard amerikan dollaryna ýetdi.