Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eklenç ugrundaky nobatlar


Doldurylmaly arzanyň nusgasy.
Doldurylmaly arzanyň nusgasy.

Türkmenistanda dollaryň satuwdan aýrylmagy hem-de telekeçilere konwertasiýanyň çäklendirilmegi bilen ownuk söwda edýän telekeçileriň köpüsiniň öz işlerini togtatmaly bolandyklary aýdylýar.

“Işsiz, aýlyk-günlüksiz ýaşaýjylar nireden gazanç etjeklerini bilenoklar, nirä ýöreseň ýoluňy ýapýarlar” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy, 48 ýaşly Ogulmaral aýdýar.

Onuň sözüne görä, bir ýyl gowurak mundan ozal öz telekeçilik işini togtadypdyr. Emma güzeran aýlamagyň kynçylygy sebäpli ýene-de eklenç üçin ýola çykypdyr.

“Özüm ýaly işsiz, eklençsiz tanyş-bilişlerimiň “Howdan-Bažgyran” aralygyna gatnap, Eýrandan azyk önümlerini we ownuk-uşak harytlary getirýändiklerini eşidip, menem şolara goşulmak üçin, bu ugrundan resminamalar düzedilýär diýilen ýere bardym” diýip, Ogulmaral dowam edýär.

“Aşgabat şäheriniň Hitrowka raýonynda, ozalky Graždan köçesiniň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2205-nji harby bölümi atlandyrylýan edara jaýyna baryp, resminamalary düzetmegiň ugruna çykanymda, ol ýerdäki nobatlary görüp haýran galdym. Ozalagşamdan sanaw düzülip, her hepdäniň çarşenbe güni kabul edilýän kiçijik penjiräniň agzynyň nobaty atgaýtarym ýere ýetýärdi.

Bu ýere gelýän ýaşaýjylardan soranymda her hepdäniň çarşenbe güni serhet gullugynyň 2205-nji harby bölüminiň serkerdesi, kapitan Berdiýewiň adyna ýazylmaly arzanyň nusgasyny almak üçin, diňe 25 adama rugsat berilýän ekeni.

Şol 25 adamyň sanawyna goşulmak üçin, ilat köpçüligi hepdeläp ol ýere gatnap, sanaw düzüp, ol sanawy ýitirmezlik üçin, harby bölümiň öňünde gezekleşip ýatyp-turýan ekenler.

Howdan- Bažgyran” aralygyna gatnamak isleýänleriň sany juda agdyk bolandan soňra bir aýyň dowamynda hem ol blankany almak üçin nobatlar ýetenok” diýip Ogulmaral aýdýar.

Ol edaranyň öňünde nobata duran ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, ýazylmaly arzanyň nusgasyny almak üçin, ilki bilen ol ýerdäki esgerleriň düzýän 25 adamlyk sanawyna özüňi ýazdyrmaly. Şol sanawa düşüp bilseň, her hepdäniň çarşenbe güni arzanyň nusgasy berilýär.

“Ondan soňraky başlanýan görgüleriň tapgyry şeýleräk – diýip, Ogulmaral dowam edýär. – Serhet gullugnyň edara jaýynyň golaýynda ýerleşýän surata düşürilýän ýere baryp arzanyň nusgasyny doldurtmaly. Onda doglan senäň, adyň, familiýaň, ýaşaýan salgyň, şahsyýetiňi tassyklaýan dokumentiň, ýagny pasportyň seriýasy we belgisi, kim tarapyndan berlendigi, kazyýet jogapkärçiligine çekilip-çekilmändigiň, işleýän ýeriňi ýa işlemeýänligiňi görkezlip, “maňa halkyň sarp edýän harytlaryny almak üçin “Howdan-Bažgyran” söwda merkezine barmaga rugsatnama bermegiňizi sizden haýyş edýärin” diýip, arzanyň nusgasyny doldurdanyňdan soňra pasportyň asyl nusgasyny, öz üç arkaň baradaky maglumatyňy 2 sany 4x6 ölçegdäki we 1 sany kadaly fotosuratyňy goşup, Serhet gullugynyň esgerlerine tabşyrmaly.

“Bagtyň çüwüp, 3-4 aýda dokumentiň taýýar bolsa, 6 aýyň dowamynda “Howdan-Bažgyran” aralygyna her gün gatnap, haryt getirip bilýärsiň.

Her gün serhetden geçmegiň üçin, döwlet banklaryna hem 10 manat töleg tölemeli. Emma seniň dokumentiň bir ýylyň dowamynda hem taýýar bolman garaşdyrylýan halatlarynyň ýa bolmasa seniň daşary ýurda çykmagyňa girizilen çäklendirmäniň hem ýüze çykýan halaty bolýan ekeni” diýip, ol aýdýar.

Şeýle görgüleri başdan geçirýän Aşgabatlylaryň sanynyň juda artandygyny hem ýaşaýjylardan eşitmek bolýar. Sebäbi ýurtda çilim gytçylygy bilen bagly “Howdan-Bažgyran” aralygyna günde gatnamaga isleg bildirýänleriň sany ýokarlanypdyr. Olaryň arasynda dürli ýaşly ýaşaýjylaryň, hatda zordan ýöreýän garrylaryň hem köpelendigini ýaşaýjylar belleýärler.

“Her günde iki guty çilim geçirmäge rugsat berilýär. Özüň üçin iki guty çilim satyn alyp getirmäge mejbur bolýarsyň, başga-da ýag, kir ýuwujy soda ýaly hojalyga gerekli harytlary getirip, ýol kireýmizi ýapýarys” diýip, bu işlere mejbury baş goşmaly bolýan ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ilatyň eklenç üçin dürli ýollar agtaryp, wiza kartlaryna pul geçirmek, eýran-türk ýaly ýurtlara baryp-gelmek üçin resminamalar düzetmek üçin gijeläp nobatlara durýan halatynda, türkmen telewideniýesinde ilatyň bagtyýar ýaşaýandygy barada yzy üzülmeýän öwgüli gepleşikleriň berilýändigini ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG