ABŞ-nyň günortasyndaky Tehas ştatynda hüjümçiniň kilisäniň içinde ot açmagynyň netijesinde 26 adam wepat boldy.
5-nji noýabrda Sutherland Springs atly ýerde Baptistleriň ybadathanasynda bolan bu hadysa ştatyň taryhynda iň ganly atyşyk boldy diýip Tehasyň gubernatory Greg Abbott aýtdy.
Hüjüm ýekşenbe günüň dini ybadatynyň dowamynda ýüze çykdy.
Täzelikler agentlikleri ady agzalmadyk kanun goraýjy resmilerine salgylanyp, hüjümçi 26 ýaşly Dewin Patrik Kelli diýip habar berdiler.
Resmiler bu adamyň San Antonio şäherinde ýaşaýandygyny we onuň hiç bir guramaçylykly terror topary bilen baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy, diýip AP agentligi habar berdi.
Tehasyň jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça departamentinden Freeman Martin 23 adamyň kilisäniň içinde, iki adamyň daşynda öli tapylandygyny, ýene bir adamyň keselhanada ýogalandygyny habar berdi we heläk bolanlaryň ýaşyny 5-72 ýaş aralygynda agzady.
Häkimiýetler bir ýaragly raýat we kanun goraýjylar tarapyndan yzarlanan hüjümçiniň yzýany öz awtoulagynda ok degip, öli tapylandygyny aýtdylar.