Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda kepek nobatlary emele geldi


Nobatlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa surat.
Nobatlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa surat.

Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde soňky bir ýylyň dowamynda kepek nobatlayrnyň emele gelendigi aýdylýar.

“Işsizlikden ejir çekýän, gün-güzeranyny aýlap bilmeýän ýaşaýjylar, bir döwüm çörek puly gazanmak üçin, dürli gazanç çeşmesini gözleýärler” diýip, etrabyň ýaşaýjysy, 60-ýaşly Meňli daýza aýdýar.

Onuň sözüne görä, mundan iki ýyl ozal ilat banklaryň öňünde ozal agşamdan nobata durup, döwlet kursundan adam başyna satyn almaga rugsat berilýän bir müň amerikan dollaryny satyn alyp, ony gara bazarda ýerläp, çörek puly gazanypdyrlar.

“Dollaryň satuwdan aýrylmagy bilen gazanç çeşmesini ýitiren ýaşaýjylar kepek satyn alyp, ony ýokary bahadan satyp çörek puly gazanmagyň ugruna çykdylar” diýip, ol dowam edýär.

Munuň üçin amatly bolan kepek dükany bar. Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň galla önümleri kärhanasynyň Ýolöten şäherinde açylan dükanynda, döwlet bahasyndan satylýan arzan kepek güzerany kyn ýaşaýjylara gazanç çeşmesi bolýar.

Ýöne ol kepegi satyn almagyň öz güzaby hem bar. Munyň üçin ýaşaýjylar ozal agşamdan kepek dükanynyň öňünde nobata durup, sanaw düzýärler. Sanaw ýitmez ýaly, dükanyň öňünde gezekleşip gijesi bilen ýatmaly bolýarlar. Yssy-sowuk diýmän, gijäni ol ýerde geçirýän sanaw düzüjileriň bardygyny hem Meňli daýza aýdýar.

Bir sebäp bilen sanaw düzüjiler öz “iş orunlaryna” gelip bilmeseler, soňra turýan dawa-jenjeli polisiýa işgärlerniň goşulmagy bilen çözüp bolýandygyny hem ol sözüne goşýar.

30 kilogramlyk gaplanan, agzy dikilen bir halta kepegi 9 manada satyn alyp, ony gara bazarda 16-18 manat aralygynda satyp bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Gijeläp nobata durmaga mümkinçiligi bolmadyk, towukdyr, ownukly-irili mal saklaýan ýaşaýjylar kepegi gara bazar nyrhyndan satyn almaga mejbur bolýarlar.

Kepek alyp-satýanlaryň aýtmaklaryna görä, 9 manada satyn alan bir halta kepegiňi 12-13 manatdan satmaga razy bolsaň, onyň dükanyň öňünde hem müşderisi ýeterlik.

“Bir halta kepekden görýän peýdamyz bir günlük çörek pulumyz bolýar” diýip, gijeläp nobata durýan ýaşaýjylar aýdýarlar.

Dawa-jenjelleriň artmagy bilen nobatlara gözegçilik edýän polisiýa işgärleri Owgan urşunyň weteranlaryna, maýyplara nobatsyz kepek satyn almagy ýola goýupdyrlar. Munyň üçin Owgan urşuna gatnaşanlaryň, maýyplaryň degişli dokumentler talap edilýär.

Bu habary eşiden maýyplaryň kepek satyn almaga nobata durýanlarynyň gün-günden artýandygyny ýaşaýjylar belleýärler.

“Edil dollar nobatlary ýaly nobatlar döredi. Işsizlik, aýlyk-günlüksiz ilat çörek puly üçin dürli gazanç çeşmesini agtarmaga mejbur bolýarlar” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG