Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tölegler artdyrylandan soň, çagalar baglaryndaky çagalaryň sany azaldy


Aşgabatdaky çagalar bagynyň biri.
Aşgabatdaky çagalar bagynyň biri.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň başyndan çagalar baglarynyň tölegleriniň 8 manatdan 80 manada çenli ýokarlandyrylmagy bilen, çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň sanynyň juda azalandygyny görse bolýar.

Mary welaýatynyň etraplarynda bar bolan çagalar baglarynyň ählisinde hem ene-atalaryň çagalar bagyna gatnaýan perzentlerini öýlerinde alyp galýandygy barada maglumatlar bar.

Ujypsyz aýlyk alýan, ýa bolmasa işsiz oturan köp çagaly maşgalalaryň ene-atalardan çagalar bagynyň tölegi üçin talap edilýän 80 manat aýlyk hakyna güýçleriniň ýetmeýändigini aýdyp, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabnyň ýaşaýjysy Tuwakbibi şeýle gürrüň berýär: “Çagalar bagynda çagalar mekdebe taýýarlanýarlar, çagalar okamagy-ýazmagy öwrenýärler, çagalaryň birneme gözi açylyp, olar jemgyýete öwrenişýärler. Şol sebäpli ene-atalaryň işlemeýänleri hem öz çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirmäge çalyşýardylar”.

“Netijede, bar bolan çagalar bagynda çagalary ýerleşdirmäge ýer tapylmadyk toparlarda çagalaryň sany artykmaç hem bolýardy. Ýeriň ýetmezçiligi sebäpli perzentlerini çagalar bagyna ýerleşdirmek isleýän ene-atalar, çagalar bagynyň müdürlerine para-peşgeş bermäge hem mejbur bolýardylar. Toparlarda artykmaç çaga bolany sebäpli ene-atalar çagasy üçin krowat, ýorgan-düşek ýaly çaga zerur bolan zatlary öz hasaplaryna alyp, çagalar bagyna eltmeli bolýardylar” diýip, Tuwakbibi gürrüň berdi.

Çagalar baglarynyň tölegleri ýokarlanandan soňra öz çagalaryny çagalar bagyndan alyp galmaga mejbur bolan ene-atalar satyn alan krowatlaryny, gap-gaçdyr, ýorgan-düşeklerini hem öýlerine alyp gaýdypdyrlar.

Öz obalarynda çagalar bagy bolmadyk oba ýaşaýjylary ozal her çaga başyna aýda 50 manada awtoulag tutup, öz çagalaryny etrap merkezindäki çagalar baglaryna gatnadyýardylar.

Indi, çagalar baglarynyň töleglerniň ýokarlanmagy bilen hem çagalar bagyna 80 manat töläp, hem maşyn kireý töläp, çagalaryny çagalar bagyna gatnatmaga köp hojalyklaryň ýagdaýy ýetmeýär. Käbir hojalyklarda iki-üç çaganyň hem çagalar bagyna ugradylýan halatlary bolýardy. Ene-atalar indi öz perzentlerini çagalar bagyna gatnadyp bilmän, öýlerinde alyp galmaga mejbur boldular. Bu bolsa, ene-atalar üçin-de, çagalar bagynyň düzgünine öwrenşen çagalar üçin-de uly urgy boldy” diýip, Tuwakbibi aýdyýar.

Aşgabat şäheriniň çagalar bagyna gatnaýan çagalaryny alyp galýan ene-atalary bolsa, haýbat atmak arkaly çagalaryny çagalar bagyna gatnatmaga mejbur edilýändigi barada hem maglumatlar bar.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, onuň çagasyny alyp galan çagalar bagynyň müdüri ony çagalar bagyna çagyryp, eger-de çagasyny çagalar bagyna gatnatmagyny dowam etdirmese, okuw ýyly başlananda onuň çagasynyň mekdebe kabul edilmejekdigini aýdyp, haýbat atypdyr.

Ýokarda beýan edilen maglumatlar dogrusynda degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir düşündiriş almak başartmady.

XS
SM
MD
LG