Özbek häkimiýetleri soňky 11 ýylyny türmede geçiren oppozision aktiwisti azatlyga goýberdi.
Muhammadali Koraboýew AÝ/AR-nyň Özbek gullugyna beren maglumatynda “ýurtda dowam edýän üýtgeşiklikleriň” netijesinde özüniň 18-nji oktýabrda türmeden boşadylandygyny aýtdy.
“Ýurtda demokratik ösüşler göze ilýär we bu ösüşler gözenekleriň arkasyndakylara-da täsir ýetirýär” diýip, Koraboýew özüniň syýasy işlere gatnaşygyny täzelemegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.
70 ýaşyndaky Koraboýew gadagan edilen “Birlik” oppozision hereketiň demirgazyk Namangan regionyndaky bölüm ýolbaşçysydy.
2006-njy ýylda ol birinden bir zady gorkuzyp almakda aýyplanyp, 5 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň esassyzdygyny we syýasy maksatlydygyny aýdypdylar.