17-nji oktýabrda Owganystanyň we Pakistanyň serhet regionynda Birleşen Ştatlaryň dronlary tarapyndan amala aşyrylandygy güman edilýän raketa hüjümleriniň ikinji tapgyrynda “Talybanyň” ýene-de azyndan 11 söweşijisi, şol sanda ýokary derejeli komandiri öldürildi diýip, resmiler aýdýarlar.
Bu waka gürrüňi edilýän serhet regionyna edilen raketa hüjümlerinde 20 söweşiji öldürilenden bir gün soň boldy.
Pakistanyň federal dolandyryş tire-taýpalar regionynyň bir bölegi bolan Kurram sebitiniň administratiw resmisi Basir Han Waziri raketalaryň “Talybanyň” buky ýerlerine atylandygyny we munuň soňky iki günüň dowamynda azyndan 31 adamy öldürendigini aýtdy.
Owgan resmisi 17-nji oktýabrdaky soňky dronly hüjümlerde “Talybanyň” 35 sany söweşijisiniň, şol sanda Pakistanyň “Talyban” toparynyň komandiri Abu Bakryň we beýleki ýokary derejeli jeňçileriň öldürilendigini mälim etdi.
Paktia welaýatyndan kanunçykaryjy Mujib Rahman Çamkani soňky raketalaryň “Talyban” söweşijileri öňki hüjümde öldürilen jeňçileriň jesetlerini ýygnaýan mahaly atylandygyny aýtdy.