Gyrgyz saýlawçylary 15-nji oktýabr güni irden SSSR dargaly bäri ilkinji gezek häkimiýetiň parahatçylykly görnüşde halk tarapyndan saýlanan bir prezidentden beýlekisine geçmegini üpjün etmegine garaşylýan prezident saýlawlarynda ses bermäge çykdylar.
Konstitusiýa tarapyndan yzygider ikinji möhlete bäsleşige çykmagy gadagan edilen prezident Almazbek Atambaýewiň ornuna jemi 11 kandidat bäsleşýär.
Öňdebaryjy üç kandidatyň ählisi - Ömürbek Babanow, Temir Sariýew we Sooronbaý Jeenbekow – Atambaýewiň prezidentlik döwründe premýer-ministr bolan adamlar. Ömurbek Babanow we Sooronbaý Jeenbekow ýekşenbe güni Bişkekde geljekki prezident üçin ses berenlerinden soň, žurnalistler bilen gürleşdiler.
Babanow “Siziň aýdyşyňyz ýaly, şu gün agşam biz täze prezidentiň adyny aýdarys. Özem ol at, hudaý halasa, Babanow bolar” diýdi.
"Men şu gün häkimiýetiň dowamlylygy, öz ýurdumyzyň ösüşi, öz ýurdumyzyň geljegi üçin ses berdim” diýip, Jeenbekow aýtdy.
Resmi sanlara görä, ses berişlik başlanandan soňky ilkinji 7 sagatda saýlawçylaryň 40 prosentden gowragy ses berdi.