Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene üç sany uly konsert zalyny - Ak öý binasyny gurar


Türkmenistan ilkinji ak öýi Maryda gurdy.
Türkmenistan ilkinji ak öýi Maryda gurdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde uly ak öý görnüşindäki konsert we dabara binalaryny gurmak işine geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlamagy tabşyrdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä,döwlet baştutany wise-premýer D.Amangeldiýewe we welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenilen wise-premýerlere ýurduň galan üç welaýatynda hem Ahal we Mary welaýatlaryndaky ýaly Ak öý binasynyň gurluşygyna girişmegi tabşyrdy.

Şeýle-de prezident “Ak öý binalarynda jemgyýetçilik- syýasy we
medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini” nygtady.

Türkmenistan şeýle görnüşdäki ilkinji ak öý binasyny ilki 2015-nji ýylda Maryda, 2017-nji ýylda bolsa Ahalda gurdy. Marydaky ak öý binasy şeýle görnüşde gurlan iň uly öý hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Metbugat habarynda bu ak öýleri gurmak we soňra abat saklamak üçin goýberilýän döwlet serişdesiniň möçberi agzalmaýar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary prezident Berdimuhamedowy, zerur sosial meselelere serişde goýbermäge derek, döwlet gaznasyna juda gymmat düşýän netijesiz binalaryň gurluşygyna diňe öz karary esasynda millionlarça dollar harçlamakda tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG