Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwiliniň Ukraina baransoň, oňa garşy “agyr” jenaýat işiniň gozgalandygy aýdyldy


Mihail Saakaşwili Ukrainanyň Lwow şäherinde tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, 11-nji sentýabr, 2017
Mihail Saakaşwili Ukrainanyň Lwow şäherinde tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, 11-nji sentýabr, 2017

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Mihail Saakaşwiliniň 10-njy sentýabrda bikanun Ukraina geçip, Polşa bilen serhetde dawa turuzmagyndan soň “agyr” jenaýat işi bilen baglylykda gözlenýändigini aýtdy.

Awakow Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň Odessa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwiliniň Ukrainanyň serhedinden geçmegini “döwletiň esasy institutlaryna hüjüm” diýip atlandyrdy.

Saakaşwilä garşy jenaýat işi onuň Ukrainanyň häkimiýetlerine garşy çykyş edip, iýul aýynda özüni raýatlykdan mahrum eden ýurduna gaýdyp barmagynyň yzýany gozgaldy.

11-nji sentýabrda Lwow şäherinde eden çykyşynda Saakaşwili özünde mundan beýläk ukrain pasportunyň ýokdugyny mälim etdi we onuň “polisiýa tarapyndan ogurlanandygyny” aýtdy.

Saakaşwili ukrain häkimiýetlerinden ýardam sorap, ýazan öz arzasynyň aklawçysy tarapyndan migrasion gullugyna tabşyrylandygyny aýdyp, “bu meniň Ukrainada kanun esasynda ýerleşýändigimi aňladýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG