Kosowonyň prezidenti öňki meýdan komandiri Ramuş Haradinaýy premýer ministr wezipesine belledi we oňa täze hökümeti düzmäge ygtyýar berip, bu Balkan ýurdunda bir aý bäri dowam edýän syýasy krizisiň soňuna çykdy.
Prezident Haşim Thaçiniň Haradinaýy bellemek karary Kosowonyň parlamentiniň Kosowonyň Demokratik partiýasyndan Kadri Weselini spiker edip saýlamagynyň yzýanyna gabat geldi. Bu kararyň ýurdy durnuklandyrmak ugrunda iňňän wajyp ädim bolup durýandygy aýdylýar.
Kosowonyň garaşsyzlygy ugrunda söweşen Haradinaý 2005-nji ýylda gysga wagtlyk premýer-ministr bolupdy, soň BMG-niň öňki Ýugoslawiýa boýunça uruş jenaýatlary sudunda jogap bermek üçin wezipesinden çekilipdi.
Ol aklandy, emma Serbiýa henize çenli ony Kosowoda 1998-99-njy ýyllarda bolan uruş döwründe adam öldürmek we gynamalara baş goşmak aýyplamalaryň esasynda gözleýär. Şol uruş NATO-nyň howa hüjümlerine getiripdi we serb goşunlarynyň ýurtdan çykarmagy bilen tamamlanypdy.
Ramuş Haradinaýyň hökümet başyna bellenmegi parlament tarapyndan tassyklanmaly.
Resmiler Haradinaýyň öz hökümetiniň programmasyny parlamente 9-njy sentýabrda hödürlejegini aýdýarlar.