Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýadro ýarag programmasy we raketa synagy bilen baglylykda “Demirgazyk Koreýany burça gabamaklyga” garşy duýduryş bilen çykyş etdi.
Putin bu çykyşyny Wladiwostokda geçirilýän Gündogar ykdysady forumynyň çäginde 6-njy sentýabrda Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in bilen geçiren gepleşiginiň yzýany etdi.
Putin Demirgazyk Koreýa garşy indiki sanksiýalar bilen ylalaşmaýandygyny tassyklady we “Koreýa ýarymadasynyň problemalaryny diňe sanksiýalar we basyş üsti bilen çözüp bolmaýar” diýdi.
Orsýet köplenç Demirgazyk Koreýa babatyndaky tankydyny ABŞ-ny, Günorta Koreýany we Ýaponiýany dartgynlylygy güýçlendirip, Phenýany öjükdirip biljek islendik ädimden saklanmaga çagyrmagy bilen gatyşdyrýar.
5-nji sentýabrda Hytaýda BRICS guramasyna girýän ýurtlaryň sammitinde eden çykyşynda Putin Demirgazyk Koreýanyň altynjy ýadro synagyny ýazgardy we “prowokatiw” diýip atlandyrdy, emma Phenýana garşy sanksiýalaryň “peýdasyz we netijesiz” bolup biljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý Waşingtonyň Phenýana garşy sanksiýalary güýçlendirmek boýunça täze rezolýusiýasyny şu hepdede Howpsuzlyk Geňeşine hödürlejekdigini mälim etdi.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemmişelik agzasy Orsýetiň Hytaý, ABŞ, Britaniýa we Frasiýa bilen deň derejede rezolýusiýa babatynda weto-gadagançylygyny girizmäge hukugy bar.