Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti Atambaýew prezidentlik dalaşgärini “dost” atlandyrdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 15-nji oktýabrda prezidentlik saýlawlarynyň yzýany özüniň wezipäni terk edensoň öz ýaranlarynyň häkimiýeti öz elinde saklajagyna we syýasatyna eýerjegine umyt baglady.

28-nji awgustda Ozgon şäheriniň ýaşaýjylary bilen geçiren duşuşygynda Atambaýew prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär Sooronbai Jeenbekowy özüniň “dosty” atlandyrdy we onuň saýlawlara gatnaşmak üçin terk eden wezipesine hökümet başyna geçen Sapar Isakowy öz garaşygyndaky adam hökmünde häsiýetlendirdi.

“Meniň wezipeden çekilmegimden soň meniň dostum prezident bolar. Meniň taýýarlan we ösdüren ýaş dostum ýakynda premýer-ministr wezipesine bellendi... Men olaryň meniň işlerimi dowam etdirjegini we meniň başlanlarymy tamamlajagyny umyt edýärin” diýip, Atambaýew aýtdy.

Jeenbekow we Isakow ýurduň konstitusiýasyna görä, prezidentligi bir möhlet bilen çäklendirilen Atambaýewiň ýakyn ýaranlary hasaplanylýar.

Tankytçylar Atambaýewiň prezidentlik saýlawlaryndan soň hem 6 million ilatly ýurtda öz täsirini saklamak üçin ýol gözleýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG