Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly ýük ulag sürüjisi ýol heläkçiliginde aradan çykdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Erzurum welaýatynyň Tortum etrabynyň Aksukapy çatrygynda, Türkmenistandan pagta getirýän bir ýük ulagynyň sürüjisi ýol heläkçiliginde aradan çykdy.

19-njy awgustda şol ýerde ýüze çykan ýol heläkçiliginde, Türkmenistandan 24 tonna pagta getirýän ýük ulagynyň sürüjisi Isfandiýar Gambarow ýapgytdan aşak aşa gaty süreni üçin heläkçilige uçraýar. Ýoldan çykandan soň gapdal ýatan Türkmenistanyň "F8302AG" belgili ýük ulagyndan daş-töwerege zyňlyp giden her biri 200 kilogram bolan pagta paddonlary ýoluň gyrasynda duran adamlaryň üstüne togalanýar. Ýol heläkçiliginde pagta paddonlaryň aşagynda galan 17 ýaşyndaky Sedanur we 15 ýaşyndaky Burju Güler atly gyzlar bilen türkmenistanly ýük ulagy sürüjisi Gambarow wakanyň bolan ýerinde aradan çykýar. Ýol heläkçiliginde ýene 3 adam ýaralanýar.

Yzgiderli Türkiýeden Türkmenistana ýüke gatnaýan türk ýük ulag sürüjisi Muratyň Azatlyk Radiosyna bolup geçen ýol heläkçiligi aýdyp, aşak düşýän agyr ýükli ulaglaryň sürüjileri yzygiderli tormoza basyp sürýändigi üçin, ulgamyň hatardan çykmagyna sebäp bolýar diýdi.

"Men ol ýol heläkçiligini türk telekanallarynda gördüm. Biz ol ýol gaty howply bolansoň ulanmaýarys. Daşary ýurtly ýük ulag sürüjileri ýoly we ýagdaýy gowy bilmänsoň, barmaly ýerine çalt bararyn öýdüp, ol hatarly ýoly ulanýarlar. Men öz tejribelerime salgylanyp aýtsam, Türkmenistanda ýük ulaglarynyň köpüsi tehniki taýdan elýeterli däl. Türkmenistanly ýük ulaglarynyň daşary ýurtlarda ýol heläkçiligine uçramagyna, birinji derejede, ol ulaglaryň tehniki taýdan elýeterli bolmaýandygy sebäp bolýar diýip pikir edýärin. Ikinjidenem, ýük ulag sürüjileri gowy ukusyny alman sürýärler we şeýlelikde, ýol heläkçiligine sebäp bolýarlar.

Biz yzygiderli ýagdaýda Türkmenistana Türkiýeden esasan gurluşyk materiallaryny äkidýäris. Türkmenistandan Türkiýä gaýdanymyzda bolsa pagta alyp gaýdýarys. Kämahal ýüküň eýesi ony biziň gaty çalt eltip bermegimizi talap edýär we biz hem gowy ukymyzy alman ýük ulagyny sürmeli bolýarys. Türkmenistanyň gümrük gapylary, meselem, Türkiýeden ýük äkidip barýan bolsaň 4 günden soň ýurda ukyňy gowy alyp barmagyňy talap edýär. Ýük ulag sürüjileriniň ukusyzlygyna has köp üns berilse gowy bolardy" diýip, Türkmenistana ýüke gatnaýan türk sürüjisi Murat sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýeri gelende ýatlasak, türk metbugatynda türkmenistanly ýük ulag sürüjileriniň gatnaşmagynda bolýan ýol heläkçilikleri barasynda yzygiderli berilýän habarlaryň birinde, Stambulyň Kurtköý diýen ýerinde, ýoluň gyrasynda duran 28 ýaşyndaky türkmenistanly raýat Kakageldi Atamämmedowyň ýük ulagy bilen bir minibusyň çakyşmagy sebäpli 20 adam ýaralanypdy.

Erzinjanyň Sakaltutan diýen ýerinde bolsa, 52 ýaşyndaky S.H. atly türkmenistanly ýük ulag sürüjisiniň gatnaşmagynda bolan ýol heläkçiliginde, ýük ulagynyň aşagynda galan Aýşe Tombul wakanyň bolan ýerinde aradan çykypdy we ogly Bugra Tombul hem agyr ýaralanypdy.

XS
SM
MD
LG