Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Çakyr kärhanasynyň işi togtadyldy


Türkmen çakyrlary
Türkmen çakyrlary

19-njy awgustdan başlap, Aşgabadyň golaýyndaky Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigine degişli Abadan çakyr kärhanasynyň işiniň togtadylandygyny ýerli çeşmeler habar berýärler.

Bu habar türkmen häkimiýetleri geljek aýda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňünden, Aşgabatda spirtli içgileriň satylmagyny gadagan edendigi hakynda media maglumatlarynyň peýda bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Spirtli içgileriň satylmagyna we öndürilmegine degişli çäklendirmeler barada Türkmenistanyň media serişdelerinde habar berilmeýär, ol mesele häkimiýetler tarapyndan hem agzalmaýar.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, spirtli içgileriň önümçiliginiň togtadylmagyna degişli habaryň peýda bolmagy spirtli önümleriň bahasyna täsir ýetiripdir.

Aşgabadyň lomaý söwda dükanlarynda ozaldan bar bolan we Türkmenistanda öndürilýän Gözbaş atlandyrylýan, ozal 11 manada durýan 0,5 litrlik aragyň bahasynyň 18 manatdan satylandygyny, Aşgabatly ýaşaýjy, 40 ýaşly işçi Myrat aýdýar.

“Elbetde, söwda dükanlarynyň tekjelerinde şeýle baha bilen arak açyk satuwda goýulmaýar. Arak öndürýän zawod işini togtatdy diýleninden, Aşgabadyň azyk söwdasy dükanlarynyň ammarlarynda bar bolan arakly çüýşeler dessine gizlin ýagdaýa geçirilip, ýokarlandyrylan bahadan satylyp başlandy. Ony hem satyn aljak bolsaň, dükanyň satyjylaryna tanyşlyk berip, ýalbar-ýakar bilen almaly” diýip, Myrat aýdýar.

Spirtli içgileri öndürmegiň togtadylmagnyň sebäplerini resmiler kärhanada bejeriş-abatlaýyş işlerine başlanmagy bilen düşündirýärler. Ýerli ýaşaýjylar bolsa muny V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Häkimiýetleriň spirtli içgileriň satuwdan aýrylmagy barada talabyndan soň Aşgabadyň restoranlarynda ony 2-2,5 esse ýokary bahadan alyp bolýandygyny hem ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Restoranlaryň barlarynda tekjelerden aýrylan spirtli içgileri bahasyndan gaçmasaň çäýnege guýup, müşderileriň öňüne getirip berýärler” diýip, bu wakanyň şaýady bolan aşgabatly Perdeli aýdýar.

Spirtli içgileriň satuwdan aýrylmagy bilen bir wagtda alkogolsyz içgileriň, şol sanda mineral suwlaryň hem bahalarynyň ýokarlanýandygyny, käbir alkogolsyz içgileriň, aýratyn-da Coca-cola, Fanta ýaly önümleriň satuwda käte tapdyrmaýandygyny Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan eşitse bolýar.

“Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasy 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ilkinji resmi halkara hemaýatkärleriniň biri hökmünde yglan edildi we onuň halkara sport çäresine gatnaşyjy türgenleri, topar ýolbaşçylaryny, bäsleşikde hyzmat edýän işgärleri we meýletinçileri arassa agyz suwy (“Bonaqua”), alkogolsyz içgiler (“Coca Cola”, “Fanta”, “Sprite”) we sport içgileri (“Powerade”) bilen üpjün etjekdigi habar berildi.

“Häzirki wagtda dükanlarda 1,5 litri ozal 1 manada satylan mineral suwlar 1,5 manadan satylýar” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjylary aýdýarlar we ýurtda haýsydyr bir haryda gadagançylygyň girizilmeginiň beýleki harytlara hem täsir ýetirýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG