Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene-de bir uly prokuror wezipesinden boşadyldy


Ozalky baş prokuror A. Hallyýew
Ozalky baş prokuror A. Hallyýew

Türkmenistanyň baş prokurorynyň orunbasary Şamyrat Garaýew, “gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin” diýlip, wezipesinden boşadyldy.

Döwlet eýeçilgindäki türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, ýurduň prokuratura baradaky kanunynyň 16-njy maddasyna esaslanyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birinji klasly ýurist Ş.Garaýewi wezipesinden boşatmak baradaky karara gol çekdi.

Şol bir wagtda Ş.Garaýewiň wezipesinden anyk nähili sebäpler esasynda boşadylandygy anyklaşdyrylmaýar.

Ýerli synçylaryň berýän bahasyna görä, baş prokuroryň orunbasarynyň wezipesinden boşadylmagy Türkmenistanda maý aýynyň başynda prokuratura we içeri işler edaralarynda başlanan köpçülikleýin arassalaýyşlaryň dowamy bolup görünýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi 4-nji maýda, Konstitusiýa laýyklykda, prezident Berdimuhamedowyň teklibi esasynda, baş prokuror Amanmyrat Hallyýewi wezipesinden boşatmak meselesine seretdi we ony işden boşatdy.

Resmi metbugatda A.Hallyýewiň wezipesinden “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” boşadylandygy, prokuratura işgärleriniň ulaşan köp sanly korrupsiýa faktlarynyň üstüniň açylandygy, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanan onlarça emeldaryň tussag edilendigi habar berildi.

Maý aýynyň başyndaky korrupsiýa galmagaly, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, prezidentiň Azaidany geçirmek üçin telekeçilerden we gurply adamlardan serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi hem-de prokuratura işgärleriniň käbiriniň öýi dökülende millionlap dollaryň tapylmagy bilen turdy.

Ýerli çeşmeler ozalky wise-premýer Batyr Ereşowyň tarpa-taýyn ölümini hem alnyp barylýan derňewler bilen baglanyşdyryp, onuň özüni heläkländigini, işden aýrylan A.Hallyýewiň bolsa türmä basylandygyny aýtdylar. Emma resmi Aşgabat syzyp çykan habarlara hiç hili reaksiýa bildirmedi.

Ýöne synçylar maý aýynda turan korrupsiýa galmagalynyň, içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç berilmegi, Ykdysady jenaýatlara garşy ýörite gurama döredilmegi bilen, hakykatadanam belli birderejede korrupsiýa garşy göreş häsiýetine ösüp geçendigini, emma kanunçylygyň hemmeler babatda deň ulanylmaýandygyny belleýärler.

A.Hallyýewiň ýerine baş prokuror edilip Batyr Atdaýew bellenildi we “Gündogar” habar saýty onuň garaşsyz Türkmenistanyň sekizinji baş prokurory bolandygyny belleýär.

Şeýle-de neşir ol sekiz prokuroryň dördüsiniň (Baýrammyrat Aşyrlyýew, Muhammetgeldi Ogşykow, Ýaranmyrat Ýazmyradow, Amanmyart Hallyýew) wezipesinden işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin boşadylandygyny, Gurbanbibi Atajanowanyň bolsa wezipe jenaýatlarynda aýyplanandygyny ýatladýar.

Resmi habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nýazow Atajanowany baş prokuraturany “parahana öwürmekde” aýyplapdy we onuň henizem türmede oturandygy aýdylýar.

Türkmenistanda maý aýynda turan korrupsdiýa galmagalynyň yzysüre, baş prokurordan biraz soň baş sudýa hem täzelendi, ýagny ilki korrupsiýa faktlaryny berk derňemek tabşyrylan Begenç Çaryýew, näme üçindir, derrew prezidentiň ýanyndnaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň ýolbaşçylygyna bellenildi.

XS
SM
MD
LG