Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa 24 sagadyň dowamynda iki gezek hüjüme sezewar boldy.
Soltan Açylowa 27-nji iýulda irden sagat 11:40 töweregi Aşgabatdaky Amerikanyň maglumat merkezinden çykyp, awtobusa münendigini, soňra awtobusyň penjiresinden köçäni surata almakçy bolanda, arkasyndan bir erkek adamyň eline ýapyşandygyny gürrüň berdi.
“Awtobusyň penjiresinden köçäni surata almakçy bolup, smartfony çykaranymam şoldy.... Arkamdan bir daýaw erkek kişi elime ýapyşdy. ‘Näme surata alýaň?’ diýip üstüme gygyryp başlady. Men smartfonumyň döwüläýmeginden ätiýaç edip, ony sumkama saldymda, ‘Sen öz işiň bilen bol, meniň bilen işiň bolmasyn’ diýdim. Ol maňa ‘sen meniň aýal doganymyň suratyny alyp, internete goýupsyň’ diýip üstüme sürnüp ugrady” diýip, Açylowa aýdýar.
Habarçymyz gürrüňi edilýän adamyň Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan ugradylandygyna ynanýar. Sebäbi ol özüne geçen ýylyň ahyrynda hüjüm edilende-de, ýörite gulluklaryň işgärleridigi aýdylýan adamlaryň hem özüne şeýle sözler bilen sütem edendigini aýdýar.
Açylowa şu gün ýagny, 28-nji iýulda ýene, ikinji gezek hüjüm edildi. Ol irden sagat 10:15 töweregi Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Maglumat merkezinden çykyp, awtobus duralgasyna tarap ýörände, köçäniň ugrunda ýene süteme sezewar edilendigini gürrüň berdi.
“Köçede ot orup duran gyzdan ‘suratyňy alaýyn’ diýip ýüzlendim-de, fotoapparatymy oňa gönükdirenimde, arkamdan güýçli bir el fotoapparatyma ýapyşyp, elimi gaňyryp başlady. Ol 20-22 ýaşlaryndaky ýaş oglandy. Maglumat merkezine gatnaýan başga bir tanyş aýalyň yzymdan ýetmegi bilen, ýaňky oglan menden elini çekdi. Men ol aýaldan awtobusa münýänçäm, ýanymda durmagyny soradym. Biz awtobusa münenimizde, ýaňky oglan hem awtobusa mündi. Soňra maňa ‘häzir awtobusdan düşeniňde, edişime seret’ diýip haýbat atdy” diýip, Açylowa gürrüň berdi.
Ol bu haýbatdan soň, awtobusda mahaly öýüne jaň edendigini we maşgala agzalarynyň birinden öz öňünden çykmagy sorandygyny we şeýdip öýüne ýetendigini sözüniň üstüne goşdy.
Şeýle-de, Açylowa penşenbe güni günortandan bäri öýüniň daşynyň uzakly güni garawullanýandygyny we özüniň ýekelikde köçä çykmakdan gaça durýandygyny gürrüň berdi.
“Garawullar şu günem öýüň daşynda nobatçylyk çekýärler. Men çagalaryň birini ýanyma alyp köçä çykmaga mejbur bolýaryn” diýip, habarçymyz Açylowa aýtdy.
Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 67 ýaşly Soltan Açylowa soňky dokuz aýyň dowamynda indi bäşinji gezek hüjüme sezewar edildi.
Geçen ýylyň 25-nji oktýabrynda Açylowa Aşgabadyň “Laçyn” atly döwlete degişli dükanynyň öňünde emele gelen uzyn nobaty surata düşüren mahaly, polisiýa tarapyndan birnäçe sagat saklanypdy we nämälim adamlar onuň kamerasyny talapdylar.
Noýabr aýynda bolsa, Açylowa Türkmenistanyň Arçman şypahanasynda bejergi alýan wagtynda, ýene hüjüme sezewar edilip, ondan şypahanany terk etmek soraldy.
Şol aýyň 25-nde Açylowa awtobusdan düşüp, öýüne barýan mahaly, özüne dört sany tigirli adamlar tarapyndan hüjüm edilip, üstünden tigir bilen geçilendigini habar beripdi.
Bu wakalardan soň, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalaryň birnäçesi, şol sanda “Human Rights Watch” we “Serhetsi Reportýorlar” (Reporters Without Borders) guramalary Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna, şol sanda Soltan Açylowa edilýän hüjümleri ýazgaryp beýannama ýaýratdylar.
“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary Rachel Denber “Açylowanyň agyr başdan geçirenleri [ýurtdaky] tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir synanyşyk” diýdi.
Şeýle-de, ol Türkmenistanda medianyň doly diýen ýaly hökümetiň kontrollygynda saklanýandygyny aýdyp, “Türkmenistanyň halkara partnýorlary ýurduň içinden garaşsyz maglumatlary habar bermäge synanyşýan sanlyja garaşsyz žurnaliste abanýan howp-haýbatlary soňa goýmazdan ýazgarmalydyr” diýdi.
Türkmenistan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda indi ençeme ýyl bäri iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe bolup, ol 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilýär.