2017-2018-nji okuw ýylynda ýurduň içinde jemi 16 600 adam bilim almagyny dowam etdirip bilerler. Şol bir wagtyň özünde-de, şu ýyl 85 müňden gowrak ýaşlar orta mekdepleri tamamlapdyr.
Türkmenistandan gowuşýan maglumatlara görä, türkmen ýaşlarynyň öz ýurdunda bilim almagyna mümkinçilikleriň çäkli bolmagy bilen bir wagtda, ene-atalar mekdebi gutaran çagalarynyň bilim derejesiniň gitdigiçe peselmeginden aladalanýarlar.
Bu ýagdaýa getiren esasy sebäpleriň arasynda mugallymlaryň okuwçylardan okuw programmasyny özleşdirmegi ýeterlik derejede talap etmezligi, okuw prosesiniň üstünlikli barýandygyny görkezmek we hasabat bermek üçin, okuwçylaryň bahasynyň artdyrylmagy, para-peşgeş üçin hem okuwçylara ýokary bahalaryň goýulmagy, okuwçylaryň köpçülikleýin çärelere çekilmegi, okuw programmalarynyň we wagt möhletiniň üýtgäp durmagy ýaly meseleler görkezilýär.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň bilim sistemasyndaky problemalar barada ýörite toplanan maglumatlary dykgatyňyza ýetirýär. “Jemgyýetçilik dialogy” atly garaşsyz proýekti bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan maglumatlar Türkmenistanyň bilim ulgamyny işgärleri, mugallymlar we okuwçylar bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanylýar.
Türkmenistanyň bilim pudagynyň işgärleriniň we okuwçylaryň ençemesiniň gürrüň bermegine görä, orta mekdepleri gutarýan okuwçylaryň ençemesiniň bahalary olaryň hakyky bilim derejesini görkezmeýär-de, bahalaryň artdyrylyp goýulmagynyň netijesi bolup durýar. Bu ýagdaý bolsa ýurduň bilim sistemasyny gowşadýar, berilýän bilimiň kemçiliklerini ýaşyrýar.
Türkmenistanlylaryň aýtmagyna görä, bahalaryň artdyrylyp goýulmagy köplenç para-peşgeşleriň hasabyna edilýär.
Sowgatlar hem dürli bolýar. Bu, bir guty süýji ýaly, göräýmäge ýönekeý bir sowgatdan başlanyp, gymmat bahaly atyrlar, mata we beýleki zatlara baryp ýetýär.
Aşgabadyň orta mekdebiniň okuwçysy Kerim öz mekdebindäki synaglaryň geçişi barada şeýle gürrüň berdi:
- Rus dili boýunça synaga bir gün galanda, bize düzmäniň temalaryny aýtdylar. Öýde ejem bilen bilelikde düzme ýazdyk, ýalňyşlaryny barladyk. Ekzamende men bäşlik aldym. Matematika boýunça ýazmaça synag 5 sagat dowam etdi. Müdiriň klasdan çykmagyndan soň, mugallym bize kömek edip başlady. Köpüsi bäşlikçilerden göçürip aldy. Biz ikilik alsak olara we mekdebiň özüne erbet boljak. Şeýle-de, biz tutuş ýyllap sowgatlary hem ýöne ýerden bermändik.
“Jemgyýetçilik dialogy” atly proýektiň gatnaşyjylarynyň, şeýle-de, bellemegine görä, sowgatlary adaty bir ýagdaý hökmünde kabul etmek mugallymlaryň ählisine mahsus däl, emma sowgatlara öwrenişip, ony talap edýän mugallymlar hem az däl. Olar okuwçylara öz ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin, näme etmelidigini açyk duýdurýarlar.
Şeýle-de, mekdeplerde çagalardan goşmaça pul ýygnamak üçin, käbir hyzmatlaryň hem ýola goýulmagy aýratyn bir mesele bolup durýar. Habar berlişine görä, bu mekdep müdirleriniň hem beýleki işgärleriň girdeji taýdan peýdasyna bolýar.
Şu ýyl paýtagtyň mekdepleriniň birini tamamlan Berdi S. şeýle diýdi:
- Tans mygallymy bize wals öwretdi. Her bir uçurym oňa 20 manatdan töledi. Alty sany klassyň her birinde 30 okuwçy bardy. Üstesine oglanlar, çak bilen 100 amerikan dollaryna durýan gara kostýum satyn aldylar, gyzlar ak köýnek tikindiler. Her birimizden 600 manat (170 amerikan dollaryny) suratly albom üçin ýygnadylar. Goňşy mekdepde suratly albom üçin 700 manatdan ýygnapdyrlar. Fotoalbomyň hakyky bahasy has arzan bolsa-da, ýolbaçylar bilen paýlaşmadyk suratçyny mekdebiň golaýyna eltmezler diýip okuwçylar hasap edýärler.
Adatça her tomus mekdeplerde bejeriş işleri geçirilýär. Klas ýolbaşçylary remonty guramalaşdyrýarlar, okuw otaglaryny reňkleýärler, gurluşyk serişdelerini satyn almak we gurluşykçylary hakyna tutmak üçin, okuwçylardan pul toplaýarlar diýip, türkmenistanlylar gürrüň berýärler. Şol bir wagtda-da, diňe bir okuwçylardan däl, mugallymlardan hem pul toplaýan mekdepleriň
bardygy bellenýär. Mugallymlardan puluň dürli maksatlar, toý, ýas, mugallymlaryň doglan güni, bilim prosessini derňeýän komissiýasyny kabul etmek, arassaçylyk gulluklary, ýangyna garşy gözegçilik edaralary we beýlekiler üçin toplanýandygy aýdylýar.
Aşgabadyň orta mekdebiniň öňki mugallymy Maýsa B. şeýle gürrüň berýär:
- Okuw bölüminiň müdiriniň dürli maksatlar üçin mydama pul toplaýandygy bilen hiç öwrenişip bilmedim. Bu zatlar halys ýüregime düşdi, aýlygym hem ujypsyzdy. Tölegler üçin aýlygymyň 30% gidýärdi. Komissiýa gelýär diýip, her mugallymdan 20 manat ýygnaýarlar, käbir komissiýa agzasyna bukja pul salyp berýärler, beýlekilerine gowy saçak ýazýarlar. Mekdep müdiriniň, okuw bölüminiň doglan günlerine hökman pul toplaýarlar. Ýylyň aýagynda olara sowgat almak üçin, ýene pul toplaýarlar. Elektrik, ýyladyş enjamlarynyň bejergisi üçin, arassaçylyk gulluklary we beýlekiler üçin tükeniksiz pul toplaýarlar.
Elbetde, bu ýagdaý ähli mekdeplere degişli däl, emma onuň duş gelýän ýerlerinde ýyllarboýy yzygiderli dowam edýär we ene-atalarda, çagalarda mugallymlarda erbet täsir döredýär diýip, “Jemgyýetçilik dialogy” atly proýektiň gatnaşyjylary habar berýärler.