Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda welaýatlardan gelen käbir raýatlara uçar biletleri satylmaýar


Aşgabadyň Halkara aeroporty
Aşgabadyň Halkara aeroporty

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan birnäçe türkmenistanly raýatyň aýtmagyna görä, olar Türkmenistan "Howaýollarynyň’ Aşgabatdaky bilet kassasyna baran mahaly olara "öz welaýatyňyzdaky bilet kassasyndan alyň" diýip, bilet satylmandyr.

Adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan raýatlar Türkmenistan ‘Howaýollarynyň’ Aşgabatdaky bilet kassasynyň Stambula bilet almaga synanyşanlarynda, özlerine bilet satmakdan ýüz öwürendigini öňe sürýärler.

Aşgabatdaky bilet kassasynyň işgärleri olara Stambula gitmek üçin uçar biletlerini öz welaýatlaryndaky bilet kassalaryndan almalydygyny, ol ýerde welaýatlarda ýaşaýanlara bilet satylmaýandygyny aýdyp, bu ugurda başga hiç hili düşündiriş bermändirler.

Bu temada Azatlyk Radiosyna ýüz tutan dürli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, Türkmenistan ‘Howaýollarynyň’ welaýatlardaky bilet kassalarynda ýolagçylara 3-4 aýdan bärde, Stambula uçar biletleri hödürlemeýär.

Bu temada Azatlyk Radiosyna Stambulyň aeroportynda maglumat beren käbir Aşgabat ýolagçylarynyň aýtmagyna görä, dogrudanam, Türkmenistan ‘Howaýollarynyň’ Aşgabatdaky bilet kassasynda käýarym şeýle ýagdaýa duş gelinýär we resmiler raýatlara bu ugurda hiç hili düşündiriş berjek hem bolmaýarlar.

Golaýda Türkmenistandan yzyna dolanan student Bahar bolsa, Türkmenistan ‘Howaýollarynyň’ Aşgabatdaky bilet kassasynda welaýatlarda ýaşaýan käbir raýatlara bilet satman, olary welaýatlardaky bilet kassalaryna gönükdirmegi barasynda, Azatlyk Radiosyna öz pikrini beýan etdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlamaly bolsa, häzir Türkmenistan ‘Howaýollarynyň’ Aşgabat-Stambul aralygyna penşenbe we anna günleri - Stambula iki uçar sapary bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu tema bilen baglanşykly degişli türkmen resmilerden haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG