Türkmenistanyň prezidenti ýurtdaky käbir banklaryň gurluş düzümini üýtgetdi.
Ýurduň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilendigi aýdylýan Karara laýyklykda, Türkmenistanyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna birleşdirildi.
Mundanam başga, aýratyn Karar bilen ýurduň dürli ministrliklerine berlen karzlar boýunça hukuklar we borçlar Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna geçirildi.
Ýeri gelende ýatlatsak, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji iýulda gol goýan bu kararlary, ýurduň bank ulgamy boýunça geçirilen derňewleriň netijesinde, bir topar parahorluk faktynyň ýüze çykarylandygynyň mälim edilmegine, şeýle-de ýurduň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýan döwrüne gabat geldi.
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň derňewiniň netijeleri boýunça “Daýhanbank”, “Türkmenistan”, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklary tarapyndan döwlet býujetiniň hasabyna gurlan jaýlar üçin karzlaryň öz wagtynda resmileşdirilmändigi sebäpli, ýol berlen kemçilikler ýüze çykarylypdyr.
Ençeme bank resmisiniň manady, ýurtda resmi satuwy togtadylan, daşary ýurt walýutasyna öwürmekde, bikanun herekete baş goşup, para alandygynyň üsti açylypdyr. Şeýle-de, bank resmileriniň hususy taraplar bilen “dilleşip” amala aşyrandygy aýdylan başga-da ençeme jenaýat işiniň ýüze çykarylandygy habar berildi.
Resmi metbugat jenaýatçylykly hereketlere baş goşan bank işgärleriniň azatlykdan mahrum edilip, olaryň “gazanan” pullarynyň hem döwletiň hasabyna geçirilendigini habar berdi. Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow bank ulgamynyň ýolbaşçylaryna-da käýinç yglan etdi.
Şol bir wagtda, prezidentiň ýurduň bank ulgamy bilen baglylykda kabul eden soňky kararlarynyň bu pudakdaky ýüze çykarylandygy aýdylýan jenaýatlar ýa-da ýurduň – energiýa serişdeleriniň bahalarynyň peselmegi sebäpli – başdan geçirýändigi aýdylýan ykdysady çökgünligi bilen ilteşiginiň bolup-bolmandygy barada, anyk maglumat berilmeýär.
Bu kararlaryň bank ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendigi nygtalsa-da, anyk nähili oňaýly täsirleri ýetirjekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.
Türkmenistanyň bank ulgamynyň esasyny döwlet eýeçiligindäki alty bank emele getirýär.
Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky daşary söwda we maliýe proýektirlenmesi bilen meşgullanýar. “Daýhanbank” – oba-senagat; “Türkmenbaşybank” – agyr senagat, transport, tele-kommunikasiýa, gurluşyk; “Türkmenbank” – jemgyýetçilik pudagy, şol sanda bilim, saglyk, ýeňil senagat; “Halkbank” – pensiýalar; we “Prezidentbank” – gozganmaýan emläk bilen meşgullanýarlar.