Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Söwdegärlerden hasaplaşyk terminallary talap edilýär


Töleg terminallaryny ulanmakda hem söwdegärleriň hem-de alyjylaryň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary bellenilýär.
Töleg terminallaryny ulanmakda hem söwdegärleriň hem-de alyjylaryň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary bellenilýär.

Aşgabatda Salgyt gullugynyň işgärleri ähli söwda nokatlaryny, şol sanda uly bolmadyk dükanlary hem bank kartlary bilen tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän terminallary oturtmaga mejbur edýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri maglumat berýär.

Neşir bu talaplaryň geçen aýyň ahyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky hökümet maslahatynyň dowamynda banklara berilýän maýa goýum serişdelerini köpeltmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirmek we nagt däl tölegleriň möçberlerini artdyrmak boýunça beren tabşyrygynyň yz ýanyna gabat gelendigine ünsi çekýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen hökümeti býujet işgärleriniň aýlyklaryny we kärendeçileriň gazançlaryny ýörite plastik kartlaryna geçirip başlady. Türkmen resmileri munuň maliýe pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendigini öňe sürseler-de, raýatlar bankomatlaryň we olardaky puluň ýetmezçiligi sebäpli, pullaryny nagtlaşdyrmakda uly kynçylyklary çekýändiklerini aýdyp, zeýrenýärler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri hem häzir söwda nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak boýunça talaplaryň güýçlenendigini tassyklap, bu ugurdaky işleriň mundan 1-1,5 aý ozal başlanandygyny nygtap geçýärler.

Şol bir wagtda, töleg terminallarynyň ornaşdyrylmagy bilen, olary ulanmakda hem söwdegärleriň hem-de alyjylaryň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan dükan eýeleri öz hasaplaryna terminallary goýduranlaryndan soň, olaryň üsti bilen edilen tölegleri bank arkaly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

“Terminallar bilen edilen tölegler biziň bankdaky hasaplaşyk hasabymyza geçýär. Emma her näçe girdeji alsagam, biz bank hasabymyzdan her aýda 3500 manatdan artyk maliýe nagtlaşdyryp bilmeýäris” diýip, Aşgabatyň Parahat-2 etrabyndaky hususy dükanyň eýesi Nazar (ady üýtgedilen – red.) gürrüň berdi.

Nazaryň sözlerine görä, eger-de Salgyt gullugy barlag bilen gelende, dükanda töleg terminaly bolmasa, onda ilki başda 300-700 manat aralygynda jerime salynýar, soňy bilen-de tä bank kartlary arkaly töleg etmäge mümkinçilik berýän abzal oturdylýança, söwda nokady möhürlenip ýapylýar.

“Biz terminaly ‘göz üçin’, birden barlag geläýende görkezmek üçin aldyk. Alyjylardan hem nagt hasaplaşyk etmegini soraýarys” diýip, söwdegär Nazar sözüne goşdy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň özleri-de nagt hasaplaşyga ýykgyn edýändiklerini aýdýarlar. “Türkmenistanyň Hronikasy” hem raýatlaryň plastik kartlaryna geçirilen pullaryny, bankda saklamaga çekinýändikleri sebäpli, dessine bankomatlar arkaly nagtlaşdyrmaga howlugýandyklaryny belleýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, halkara ekspertleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, häzirki wagt Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG