Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmengaz” metbugat habaryndan soň bergisini töledi


“Türkmengazyň’ bergisini bermeýändigi baradaky habar metbugatda çykanyndan bir hepde soň “Türkmengaz” öz bergisini beripdir.
“Türkmengazyň’ bergisini bermeýändigi baradaky habar metbugatda çykanyndan bir hepde soň “Türkmengaz” öz bergisini beripdir.

Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni metbugatda habar çykanyndan soň, 2015-nji ýylda satyn alan iki lokomotiwi üçin, hytaý kompaniýasyna bermeli 2.451.000 dollar möçberindäki bergisini berdi diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” saýty ýazýar.

Ýatladyp geçsek, geçen hepdede “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti Russiýada we GDA ýurtlarynda algy-bergi meselelerini çözýän “CIS Debt Recovery Solutions” kompaniýasyna salgylanyp, “Türkmengazyň” iki ýyl bäri bergisini bermeýändigini habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” “CIS Debt Recovery Solutions” kompaniýasynyň maslahatçysy Taras Kopiý bilen habarlaşandygyny, şeýle-de kompaniýanyň ýarym ýyllap türkmen tarapyndan bergisini üzmek boýunça hiç hili netije gazanyp bilmändigini habar berýär.

Kopiý türkmen tarapynyň bergisini ýapmak üçin dürli usullary, şol sanda “Türkmengazyň” TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gazgeçiriji proýekti boýunça hyzmatdaşlary bilen hem habarlaşmagy synap görendiklerini, emma bularyň hiç hili oňaýly çözgüt bermändigini hem belläp geçýär.

Bu aralykda, “Türkmengazyň’ bergisini bermeýändigi baradaky habar metbugatda çykanyndan bir hepde soň, ýagny 19-njy aprelde “Türkmengaz” öz bergisini beripdir.

“Meniň pikirimçe, bergi baradaky habar ýurduň [Türkmenistanyň] ýokary derejeli resmilerine çenli baryp ýetdi. Şu gün ir bilen hytaý kompaniýasynyň aklawçylary berginiň tölenendigini mälim etdiler” diýip, “CIS Debt Recovery Solutions” kompaniýasynyň maslahatçysy Taras Kopiý “Türkmenistanyň hronikasy” neşirine maglumat berdi.

Ýeri gelende bellesek, bu Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýalarynyň metbugat habarlaryndan soň bergisini berşiniň ilkinji mysaly däldir.

Geçen ýylyň sentýabrynda, wagtynda töleg etmändigi sebäpli, “Türkmenhowaýollaryna” Russiýa Federasiýasynyň howa giňişliginden uçmak gadagan edilipdi. “Rosawiasiýa” 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli “Türkmenhowaýollarynyň” bergisiniň 220 müň dollara barabar bolandygyny mälim edipdi. Bu habar metbugatda çap boldansoň, “Türkmenhowaýollarynyň” öz bergisini töländigi we gadagançylygyň aradan aýrylandygy baradaky maglumatlar peýda boldy.

Mundanam başga, geçen ýylyň dekabrda “Türkmenhowaýollaryna” degişli uçar Parižiň “Şarl de Goll” aeroportynda ozalky jerimelerini tölemändigi sebäpli saklanypdy. Bu barada habar berlenden soň, türkmen tarapy bergisini üzüpdi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, media azatlygy boýunça hasabatlarda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýän Türkmenistan ýokarky ýagdaýlar dogrusynda ilata hiç hili maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG