Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa stadionyndaky atyň boýnundan petle aýryldy


Atyň şekilinden petle aýryldy.
Atyň şekilinden petle aýryldy.

Aşgabatda Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda ýerleşdirilen atyň kellesiniň şekilinden, halkaly petle aýryldy, diýip “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.

Ýatladyp geçsek, Olimpiýa şäherçesiniň esasy sport desgasy – 45 müň orunlyk stadionyň depesinde atyň uly kellesi ornaşdyrylyp, onuň boýnunyň daşyndan hem – käbir aktiwist toparlary tarapyndan dar agajyna meňzedilen – aýlaw ýerleşdirilipdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” stadionyň dizaýnerleriniň “Aziada-2017” oýunlaryň simwolyny, ýagny atyň şekiliniň öňünde öwüsýän tasmany -lentany şekillendirmek maksady bilen bu petläniň ýerleşdiren bolmaklarynyň mümkindigini öňe sürýär.

"Aziada-2017" oýunlarynyň resmi simwoly
"Aziada-2017" oýunlarynyň resmi simwoly

Her niçik-de bolsa, türkmen resmileri eýýäm ornaşdyrylan lentanyň aýrylmagynyň sebäpleri, esasan hem oňa çykarylan goşmaça serişdeler dogrusynda hiç bir maglumat bermeýärler.

Galyberse-de, geçen aý prezident G.Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesindäki alnyp barylýan işler bilen tanyşmaga baranda, gürrüňi gidýän atyň şekiliniň üstünde aýratyn durup geçip, onuň boýnundan alaja geçirmegi ýörite tabşyrypdy. Häzirki alnyp barylýan işleriň prezidentiň şol tabşyrygy bilen nä derejede baglydygyny anyklamak başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, atyň kellesiniň şekili ýerleşdirilen stadionyň özi hem 2001-nji ýylda gurlup, ulanyşa berlen ‘S.Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa stadionynyň’ ýerinde bina edilipdi. Gurluşygyna ençeme million dollar çykdajy edilen we ony sökmek üçin hem ýene ýüz müňläp dollar sarp edilendigi çaklanylýan şol stadion 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda doly ýer-ýegsan edilipdi. 30 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionyň näme üçin sökülendigi we onuň näme kemçiliginiň bolandygy hakda resmi taýdan halka hiç hili maglumat berilmändi.

Käbir aktiwist toparlary atyň boýnundaky petläni 'dar agajyna' meňzedipdiler.
Käbir aktiwist toparlary atyň boýnundaky petläni 'dar agajyna' meňzedipdiler.

Şol bir wagtda, atyň boýnunyň daşyndaky petläniň aýrylmagy türkmen resmileriniň “Aziada-2017” oýunlary bilen bagly öňden ykrar edilen taslamalary çalşyrmagynyň iň soňky ýagdaýydyr.

Geçen ýekşenbe güni türkmen mediasy “Aziada-2017” oýunlarynyň ýanwar aýynda ykrar edilen we giňden mahabatlandyrylan tumarynyň, ýagny tahýaly, ýaşyl reňkli alabaýyň deregine täze bir şekil hödürledi. Bu waka hem öz gezeginde, türkmen prezidentiniň tumaryň öňki şekilini tankyt etmeginden, bir hepde gowrak wagt soň boldy.

Şeýle-de, ýanwar aýynda paýtagtyň “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň abatlanyp, ulanyşa berlen bölegi we onuň ugrundaky bir aý ozal ulanyşa berlen monument sökülip, ýaňadandan gurluşyk işleri geçirilip başlanypdy.

Gepiň gerdişine görä bellesek, “Aziada-2017” oýunlary bilen baglylykda ýurduň býujedinden anyk näçe mukdarda pul serişdeleriniň goýberilýändigi dogrusynda takyk maglumatlar elýeterli däl. Her niçik hem bolsa türkmen häkimiýetleri Olimpiýa şäherçesine azyndan 5 milliard dollaryň we täze aeroport üçin 2 milliard çemesi dollaryň harçlanandygyny yglan edipdi.

Bu aralykda, Aziýa oýunlary üçin adaty işgärleriň hem öz aýlyklaryndan “meýletin goşant etmegi” dogrusynda, prezidentiň ýörite tabşyrygynyň bardygy hem aýdylýar.

XS
SM
MD
LG