Türkmenistanda geçen hepdäniň aýagyndan başlap, halkara bank kartlary boýunça internet üsti bilen hasaplaşyklary geçirmek togtadyldy.
Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynda ýerleşdirilen maglumata görä, 25-nji martdan güýje giren bu togtatma wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, ol kart ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen girizilipdir.
Emma resmi bildirişde gürrüňi gidýän “kämilleşdirmäniň” jikme-jikleri barada hiç hili maglumat berilmeýär. Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky bilen habarlaşanda, resmiler ‘kartlaryň programma üpjünçiliginiň’ täzelenýändigini habar berdiler.
Şol bir wagtda, bu ‘wagtlaýyn’ togtatmanyň haçana çenli dowam etjekdigi we ‘kämilleşdirmäniň’ ulanyjylara nähili täsir etjekdigi barasynda, hiç hili maglumat elýeterli däl.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda dollar söwdasynyň resmi ýagdaýda togtadylmagy bilen halkara bank kartlary daşary ýurtda söwda edýän we okaýan türkmenistanlylaryň manadyny dollara çalyşmak üçin hödürlen ýeke-täk çykalgasydy.
Bu aralykda, soňky döwür bu kartlaryň nagtlaşdyrmak düzgünlerine, möçberlerine çäklendirmeler girizildi, şeýle-de tutulyp galynýan salgytlar artdyryldy.
Täze girizilen çäklendirmelere laýyklykda, daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň her biri öz ýany bilen diňe bir sany plastik karty äkidip bilýär. Şeýle-de, olardan Aşgabadyň aeroportunda bilet we pasport barlaglaryndan geçensoň, öz ýany bilen äkidýän plastik kartyny Migrasiýa gullugynda hasaba aldyrmak talap edilýär. Hasaba alynmadyk plastik kartlary bolsa, daşary ýurtlaryň bankomatlarynda ulanyp bolmaýar.
Şeýle-de geçen aýdan bäri plastik kart ulanyjylaryň bir gije-gündiziň dowamynda nagt pul serişdesini almagyna täze çäk girizildi. Bu çäklendirmäniň netijesinde, ozalky 1000 dollar çägiň ýerine, indi “Business”, “Electron/Maestro” we “Classic/Standart” tariflerine eýe bolan plastik kart ulanyjylary bir gije-gündiziň dowamynda 250 amerikan dollaryny, “Gold” tarifine eýe bolan plastik kart ulanyjylary bolsa 300 dollary nagtlaşdyryp bilýärler.
Mundanam başga, ozal VISA ýa MasterCard kartlaryndan daşary ýurtlarda nagtlaşdyrylan puldan 1,75% tutulyp galan bolsa, bu 3%-e çenli artdyrylypdy.
Galyberse-de, plastik kartlary arkaly bu çäkli möçberdäki manady dollara öwürmek üçin-de talyplardan we söwdegärlerden olaryň hakykatdan hem studentdigini ýa telekeçidigini tassyklaýan dokument, puluň gelip çykyşy bardaky güwänama ýaly kagyzlar talap edilýär.
Bu çäklendirmeleriň netijesinde, diňe bir daşary ýurtda okaýan we söwda edýän däl, eýse öz saglygyna seretdirmekçi bolýan türkmenistanlylaryň hem uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.
Sözümiziň ahyrynda jemlesek, türkmen häkimiýetleri bu çäklendirmeler dogrusynda ne maglumat, ne-de düşündiriş berýärler.