Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Türkmen migrantlarynyň konsullykdaky tejribeleri


Türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türk lideri Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşyk mahalynda, Ankara, 3-nji mart, 2015.
Türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türk lideri Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşyk mahalynda, Ankara, 3-nji mart, 2015.

Bilinşi ýaly, Türkiýe türkmenistanly migrantlaryň ýykgyn edýan ýurtlarynyň başyny çekýär. Aýdylşyna görä, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aglaba köpçüligi köne pasportly we şol sanda maşgalaly bolanlaryň hem aglabasynyň hut şu sebäpden resmi nikasy ýok.

Türkiýede wiza taýýarlaýan firmalaryň berýän maglumatyna görä, olar häzir köne pasportly türkmen migrantlarynyň resmi nikadan geçmegine kanuny çykalga tapyp berýärler.

Emma muňa garamazdan, türkmen migrantlary Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullyklaryndan gerek bolan resminamalary almakda dürli kynçylyklara we täsin proseduralara duş gelýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň konsullukda başdan geçirýän tejribelerine gönükdirýär.

Ýogsa-da, siz bu ugurda nähili tejribeleri başdan geçirýärsiňiz?

Bu temadaky gepleşigi diňläp, aşakdaky foruma hem öz tejribeleriňizi teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.

Türkiýe: Türkmen migrantlarynyň konsullykdaky tejribeleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG