Western Union kompaniýasy Türkmenistandan daşary ýurtda pul ibermeklige we ýurda iberilen pul serişdelerini almaklyga çäklendirme girizilendigi baradaky maglumaty ýalana çykardy diýip, CA-NEWS neşiri ýazýar.
Neşir bu habary kompaniýanyň öz redaksiýalaryna gowşan beýanatyna salgylanyp ýaýratdy.
«Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» neşiri 25-nji ýanwarda Marydaky we Türkmenabatdaky çeşmelerine salgylanyp, Western Union kompaniýasynyň ýerli banklarda hasaplary we plastik kartlary bolmadyk adamlara daşary ýurtlardan iberilen gyssagly pul serişdelerini bermeýändigini habar berdi.
Şeýle-de neşir Western Unionyň mundan ozalam pul serişdelerini ibermek boýunça bir topar çäklendirme girizendigini belläpdi. Aýdylmagyna görä, bu çäklendirmeler daşary ýurtlara pul iberjek adamlaryň öz girdejileri hakynda resminama görkezmegini talap edýär. Daşary ýurtdan iberilen puly almak üçin bolsa, pul ibereniň pasportynyň göçürmesini hem-de onuň bilen garyndaşlygyňy tassyklaýan dokument görkezmeli diýip, habarda aýdylýar.
«Daşary ýurtlara iberilýän pul serişdesi iberijiniň aýlyk gazanjyndan kän bolmaly däl, gelen pullar bolsa Western Unionyň edaralarynda döwlet kursy boýunça, türkmen manadynda berilýär» diýip, «Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» ýazdy.
"Western Unionyň Türkmenistandan pul ibermekde we ýurda gelen pullary bermekde bir topar çäklendirme girizendigi baradaky maglumat hakykata gabat gelmeýär, sebäbi kompaniýa tarapyndan haýsydyr bir çäklendirme girizilmedi» diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.
Azatlyk radiosy ýanwar aýynyň aýagynda, bu habary anyklamak üçin Western Unionyň Aşgabatdaky ofisine telefon edende, ol ýerde telefon arkaly maglumat bermekden boýun gaçyrypdylar.
Ýöne şol telefon söhbetdeşliginde daşary ýurtdan pul iberýän adam türkmen raýaty bolsa, onuň iberen serişdesiniň manatda eýesine berlip bilinjekdigi, Türkmenistanyň raýatyna diňe garyndaşynyň, aýlygyny walýutada alýandygy barada subutnamasy bolan adamyň walýuta iberip bilýändigi hem aýdyldy.
Aşgabatdaky Senagat-bankyň işgäri bolsa şonda telefonda daşary ýurtdan Türkmenistana Western Unionyň üsti bilen iberilen puly nagtlaşdyrmak mümkinçiligi barada soralanda, öz banklarynyň diňe pul ugradýandygyny, emma 4-5 aý bäri pul bermeýändigini aýtdy.
Ol munuň sebäbini diňe özlerine rugsat berilmeýändigi bilen düşündirdi we Western Union arkaly iberilen pullary almak üçin Aşgabatdaky Türkmen-Türk bankyna telefon etmegi maslahat berdi.
Türkmen-Türk bankynyň işgäri özleriniň, pul iberýän Türkmenistanyň raýaty bolsa, onuň pulunyň eýesine diňe manatda berilýändigini, eger daşary ýurt raýaty bolsa, onda dollarda berilýändigini, ýöne munuň üçin pasportyň göçürmesiniň we girdeji çeşmesi barada subutnamanyň gerekdigini aýtdy.
Azatlyk radiosy täze habarlar bilen bagly ýene bir gezek Türkmenistana, Western Unionyň Türkmenbaşy bankyndaky bölümine telefon edende, bank hasaby we plastik karty ýok adamyň iberilen puly nagtlaşdyryp bilmeýändigi baradaky habaryň ýalňyşdygyny aýtdylar.
Şeýle-de, bankyň işgäri «siz entäk pul ibermäň, pul iberjek adamyňyz pasporty bilen gelsin, biz onuň dokumentlerini barlaly, eger hemme zat ýerbe-er bolsa, ol özüne iberilen puly walýutada alyp biler» diýdi.
Ýöne Western Union aýdylýan çäklendirmeleriň ýerli kanunlar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini we beýle çäklendirmeleriň kompaniýanyň ygtyýarlygyndan daşardadagyny boýun alýar.
Şonuň bilen bir wagtda, Western Union bile işleşýän banklaryna daşardan gelen pullary diňe bank hasaby ýa plastik karty bolan adamlara bermelidigi barada hiç bir görkezme-maslahat bermändigini nygtaýar.
«Western Unionyň kompaniýalary bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasyndaky şertnama laýyklykda, pul serişdeleriniň kabul edilmegi we berilmegi, Western Union tarapyndan başga usul tassyklanmadyk bolsa, nagt pul görnüşinde amala aşyrylmaly» diýip, kompaniýanyň beýanatynda bellenýär.
Şeýle-de Western Uunion Türkmenistandaky işlerini yza çekmek planynyň ýokdugyny aýtdy.