Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň 'awtoritar ykdysady modeli işlemeýär'


Awaza, "Gämi" oteliniň açylyş dabarasy. 9-njy sentýabr, 2016
Awaza, "Gämi" oteliniň açylyş dabarasy. 9-njy sentýabr, 2016

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi, resmi maglumatlara görä, 2015-nji ýylda 6.5 prosent bolanlygyndan, geçen ýyl 6.2 prosente aşak düşdi.

«Roýters» habar gullugy bu peselişi 2015-nji ýylda energiýa bahalarynyň arzanlamagy we Orsýetiň türkmen gazyny satyn almagyny bes etmegi bilen baglanyşdyrýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti esasan gaz eksportyna daýanýar we soňky birki ýylda hökümet maslahatlarynda daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň öwezini tutjak önümleri öndürmek, olary eksport etmek barada köp gürrüň edilýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň gaz bazaryny giňeltmek tagallalary, ozal Orsýet, soňra Eýran bilen söwdanyň çäklenmegi netijesinde, o diýen şowly bolmady.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň «Mejlis» gepleşigine gatnaşan ekspertleriň pikirlerine görä, Türkmenistanyň nobatdaky prezident saýlawy, Berdimuhamedowyň hökümetiniň ykdysady reformalary geçirip bilmezligi zerarly, ykdysady çökgünligiň barha güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Şu aralykda ýurt içinden häkimiýetleriň bazar nyrhlaryny berk kontrollykda saklamaga çalyşýandyklary barada habarlar gowuşýar.

Angliýanyň Glazgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti, professor Luka Ançeşçiniň pikirine görä, türkmen saýlawlary bilen bagly «esasy üns bermeli zat şu hili ykdysady krizis wagtynda durşuna galp saýlaw geçirýän režimiň reallygy inkär etmekde ýeten derejesi bolup durýar».

Şeýle-de, professor türkmen ykdysadyýetindäki iň uly şowsuzlygy Orsýet ýa Eýran bilen arada dörän oňuşmazlyklar ýa-da owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýy bilen baglamaýar.

«Meniňçe, biziň soňky on ýylda gören iň uly şowsuzlygymyz ykdysadyýetiň özgerdilmek zerurlygyna düşünilmegi bilen bagly, emma bu ugurda hiç zat edilmedi» Ançesti aýdýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer 12-nji fewrala bellenen saýlawlarda üçünji möhletine dalaş edýän Berdimuhamedowyň 2012-nji ýyldaky ikinji saýlawyndan öň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 14 prosent töweregi bolandygyny ýatlaýar.

Şeýle-de Panniýer «Mejlis» söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Orsýete, Eýrana satýan gazynyň kesilmegi bilen, Hytaýdan alýan girdejisini hem sorag astyna salýar, ýagny ol Pekine satylýan gazyň esasan ozal alnan karz pullary üzmäge gidýändigini öňe sürýär.

Ekspertiň pikirine görä, ýurtda soňky döwürde dörän azyk ýetmezçiligi, ilata berilýän mugt ýa ýeňillikli harytlaryň we hyzmatlaryň ýatyrylmagy barada edilýän gürrüňler ýurduň esasy girdeji çeşmesiniň bu golaýda öňki derejesine göterilmejeginiň alamaty bolup görünýär.

Panniýer bu pikirini Türkmenistandan Hytaýa gaz eltýän Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň 'D' liniýasynyň plandan azyndan 5-6 ýyl yza galmagy, bu liniýanyň türkmen topragyndan Hytaýa barmaly 30 milliard kub metr gazy öz içine almagy bilen düşündirdi.

Professor Ançeşçi Berdimuhamedowyň awtoritar ykdysady modeliniň işlemeýändigini halkara ekspertleriniň bireýýäm aýdandygyny belläp, prezident saýlawlarynyň öň ýanyndaky Türkmenistan barada çap etdiren makalasynda hiç bir kandidatyň ykdysady reformalara çagyrmandygyna ünsi çekýär.

«Türkmenistanyň awtoritar režimini nazara alanyňda, bu barada, ýagny ykdysady reformalaryň zerurlygy hakynda ýurtda saýlawdan soň hem gürrüň edilmese gerek» diýip, ekspert aýdýar.

Ançeşçiniň sözlerine görä, "Berdimuhamedowyň ýene bir ýedi ýyl prezident bolmagy bilen Türkmenistanda hiç zat üýtgemez we nobatdaky prezident saýlawy Türkmenistanyň betbagtçylykly ykdysady ýykgynçylygynyň ýolunda ýene bir ýitirilen mümkinçilik" bolar.

XS
SM
MD
LG