‘Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgärleriň terjimehallary we maksatnamalary’ diýen suratly stend 28-nji ýanwarda Aşgabadyň köçelerinde, awtobus duralgalarynyň golaýynda we edara-kärhanalaryň alnynda peýda boldy.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlyk işleri öňräkden başlanan bolsa-da, dalaşgärleriň sanawyny hem-de olaryň suratlaryny, maksatnamalaryny görkezýän stend şu güne çenli şäheriň hiç bir ýerinde görünmeýärdi.
Diňe telewidenýe arkaly prezident saýlawlaryna kandidatlaryň öz maksatnamasy bilen edýän çykyşlary halka ýetirilýärdi.
Aşgabatly pensioner, 72 ýaşly Geldimyrat aganyň aýtmagyna görä, bu stendiň öňünde duryp, ondaky kandidatlaryň suratlarydyr terjimehallary ýa bolmasa olaryň maksatnamalary bilen gyzyklanýan adamlar köçelerde asla görünmeýär.
“Häkimlikler tarapyndan prezident saýlawlaryna gatnaşmaly adamlaryň sanawy şu ýyl berk gözegçilikde saklanýandygyna garamazdan, ilatyň agramly bölegi bu saýlawlaryň geçiriljek güni ýa bolmasa özlerine degişli saýlaw uçastoklarynyň nirede ýerleşýändigini hem anyk bilmeýärler.
Munuň hem esasy sebäbi, saýlawlaryň açyk-aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçjekdigine halkda asla ynam ýok. Ozalky ýyllardaky prezident saýlawlarynda hem ilatyň saýlawa gatnaşygynda aktiwlik görünmändi. Ilatyň gatnaşygy näçe göterim bolsa-da, saýlawda kimiň öňe çykjakdygy, häzirki alynyp barylýan syýasatdan, öňünden hem belli” diýip, Geldimyrat aga aýdýar.
Geldimyrat aganyň pikiriçe, häzirki prezident Berdimuhamedowdan başga, prezident saýlawlaryna ozaldan taýýarlanan kandidatlaryň hiç birisi hem ilat arasynda tanalýan, tanymal adamlar däl. Olaryň kandidaturasynyň, halk köpçüligi tarapyndan öňe sürülmändigine hem halk ynanýar. Olaryň programmalary hem gaty guraksy we olaryň näçe göterim sese eýe boljakdyklary öňünden sorag astynda galýar
Degişli makalalar
Iň köp okalan
1