17-nji dekabrda Daşkent sebitiniň Parkent etrabynyň Faýziobod mähellesinde ýerleşýän hususy “Lion Park” haýwanat bagynda pajygaly waka boldy.
Kapasanyň gapysynyň açyk galdyrylmagy netijesinde boşan üç ýolbars 44 ýaşly erkegi öldürdi diýip, Gazeta.uz neşiri bu habary Özbegistanyň Baş prokuraturasyna salgylanyp berdi.
Sakçy yzyna, kapasa saljak bolanda, ýolbarslar oňa hüjüm edipdirler.
Haýwanat bagynyň işgärleri bolan wakany birnäçe sagat soň bildiler. Iki ýolbarsy uky tabletkalary arkaly yzyna, kapasa dolamak başartdy, üçünji ýolbarsy atmaly boldy, munuň üçin ýerli awçy çagyryldy diýip, habarda aýdylýar.