TOPH, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji proýektiniň ulanmaga berilmeli senesi bir ýyl yza süýşürildi. Bu habary Hindistanyň “khabarindia.in“ neşiri ýaýratdy.
Habarda aýdylmagyna görä, TOPH 2019-njy ýylda däl-de, 2020-nji ýylda ulanmaga berler.
Neşiriň tassyklamagyna görä, Hindistanyň gaz we tebigy serişdeler ministrliginiň wekilleri türkmen tarapynyň 2016-njy ýylyň dekabrynda bu proektiň ähli maliýe meselesini çözmegi boýun alandygyny, emma indi ylalaşyk möhletiniň 2017-nji ýylyň iýunyna süýşürilendigini we şu ýagdaýyň hem gijikmä sebäp bolandygyny habar beripdir.
Bu maglumaty Pakistanyň döwlet içi gaz sistemasynyň (Inter-State Gas System) direktory hem tassyklady diýip, habarda bellenýär.
Şu aralykda «Trend» habar gullugy Türkmenistanyň TOPH boýunça özüne düşýän bölegi aktiw gurýandygyny habar berdi.