Türkmenistan 2017-nji ýylda Gyrgyzystanda Yssyk-kölüň kenarynda bäş ýyldyzly myhmanhanany gurmagy planlaşdyrýar.
Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Şadurdy Meredowyň 20-nji ýanwarda žurnalistlere aýtmagyna görä, Yssyk-kölüň kenarynda bäş ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygy üçin ýer böleginiň berilmegi barada iki ýurduň arasynda ylalaşyga seredilýär.
Meredowyň sözlerine görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda Gyrgyzystana etmeli sapary, Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň aradan çykmagy sebäpli ýatyrylmaly bolupdyr.
Türkmenistanyň Yssyk-kölde myhmanhana gurmak islegi 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda prezident G.Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana eden döwlet saparynyň dowamynda mälim edilipdi.
2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi Yssyk-kölüň kenarynda gurulmagy göz öňünde tutulýan myhmanhananyň proýektini hödürledi. Proýekte laýyklykda, 80 adamlyk myhmanhananyň 4.37 gektar ýerde ýerleşdiriljegini, 24 aýyň dowamynda amala aşyryljak gurluşygy “Döwlet gurluşyk” kärhanasynyň ýerine ýetirjegini türkmen metbugaty habar beripdi.