Türkmenistanda sarp edijileriň suw ulanmagynyň çäklendirilen möçberi kesgitlendi diýip, «Trend» habar gullugy prezident Berdimuhamedowyň golaýda kabul eden kararyna salgylanyp ýazýar. Habarda bu kararyň, Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak maksadyndan ugur alýandygy bellenilýär.
Türkmenistanda ilatyň ulanýan suwy, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen birlikde, 1990-nji ýyllaryň başyndan bäri mugt harytlaryň hataryna girýär. Şol bir wagtda ilatyň mugt diýilýän suwdan ýeterlik derejede peýdalanyp bilmeýändigi, ýagny oba ýerleriniň köpüsine suw turbalarynyň çekilmändigi, derýalardan we kanallardan maşynly getirilýän suwuň bolsa adamlara asla arzan düşmeýändigi aýdylýar.
Ýöne muňa garamazdan, türkmen metbugaty ilaty agyz suwy bilen üpjün etmekde uly işleriň edilýändigini habar berýär. Ilatly ýerlerde agyz suwunyň uly problema bolup galýandygyny aýdyp, Azatlyk radiosyna interwýu beren ýerli aktiwistleri bolsa, garrygalaly pensioner Amangelen Şapudakowyň mysalynda aýtsak, yzygiderli ýanap, zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirmäge çenli baryp ýetýärler.
Ikinji tarapdan, Türkmenistan soňky ýyllarda sebitde suwy iň bir bisarpa ulanýan ýurt hökmünde tankyt edilýär.
«Nature» žurnalynyň awtory Olli Varisiň ýazmagyna görä, Türkmenistan ilatynyň jan başyna 5,5 müň kub metr çemesi suw ulanýar we bu dünýäde iň ýokary görkeziji bolup durýar.
Aýdaly, bu ABŞ-da ilatyň jan başyna ulanýan suwundan dört esse, Hytaýda ilatyň jan başyna ulanýan suwundan 13 esse kän suw bolýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň goňşulary Özbegistanda we Gyrgyzystanda ilatyň jan başyna 2 müň kub metr çemesi suw ulanýandygy aýdylýar. Bu ýurtlar suwy bisarpa ulanmakda degişlilikde 4-nji we 5-nji orny eýeleýär. Täjigistan we Gazagystan bolsa, suwy bisarpa ulanmakda7-nji we 11-nji orunlary alypdyr.
Bu ýagdaý türkmen häkimiýetleriniň suwy tygşytly ulanmak barada yzygiderli gürrüň edip başlamaklaryna getirdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň ýanwarynda gol çeken kararyna görä, ýaşaýyş jaýynda ýazga durýan her adama bir gije-gündiziň dowamynda 250 litr suwuň mugtuna berilýändigi aýdylýar. Emma bu karar kabul edilende Türkmenistandaky ýaşaýyş jaýlarynda suw ölçeýji enjamlar ýokdy.
Sowet ýyllarynda Aşgabatda halk kontrollygy komitetiniň başlygy bolup işlän türkmen resmisi 2010-njy ýylda Azatlyk radiosyna paýtagtyň jaýlarynda suw ölçeýjileri oturtmagyň köp ýyl bäri başartman gelýändigini, bisarpa akyp ýatan suwuň juda kändigini gürrüň berdi.
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryna barýan suwuň ol ýere çekilen turbalaryň diametri bilen ölçelmeli edilendigini aýdýar.
Ýurt içinden berilýän maglumata görä, ýaşaýyş jaýynda ýazga durýan her adam suw üçin ýylda 7 manat 20 teňňe pul tölemeli. Aýdylmagyna görä, bu töleg 11 millimetrlik turbadan suw 24 sagat akyp durýan ýaly edip töledilýär.
Bu, eger bir jaýda 5 adam ýazga durýan bolsa, olar 1250 litr suw sarp edýärler diýildigi bolýar, oba ýerlerinde şonça adam beýle möçberdäki suwy bir hepdede hem ulanmaýar diýip, ýazyjy Bugaýew aýdýar.
Ýöne suwuň bisarpa ulanylmagy diňe ýaşaýyş jaýlarynda suw ölçeýji gurallaryň oturdylmazlygy bilen bagly däl.
Ýerli synçylar suwy bisarpa ulanmagyň Türkmenistanda sowet ýyllaryndan, Garagum kanalynyň çekilmegi we Moskwadan berilýän pagta planlaryny doldurmak zerurlygy bilen giň ýaýrandygyny aýdýarlar. Sebäbi ýokardan berilýän plany dolmak üçin bolmalysyndan, ýagny adam güýji ýeterden has kän ýere gowaça ekmek, gowaça meýdanlaryna gijelerine suw açyp gaýtmak adaty bir zada öwrüldi we hut şu praktika hem Türkmenistanyň ekerançylyk ýerleriniň tutuşlygyna diýen ýaly şorladylmagyna getirdi diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.