Türkmen resmileri suw baýramçylygyna resmi taýýarlyk görýärler.
Ýurtda ýyllar boýy dabaraly ýagdaýda bellenilip gelinýän “Suw damjasy - altyn dänesi” atly senäni şu ýyl hem ýokary derejede bellemek barada türkmen hökümetine ýörite tabşyryk berildi.
Şol bir wagtda-da ýurtda hatda içer ýaly agyz suwunyň-da ýetmezçiliginden kösenýän regionlar şu günki güne çenli ünssüz galýar.
Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle regionlaryň käbiri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.