Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama kiber hüjümlerine, nädogry maglumatlaryň täsirine ‘kembaha’ garandygyny aýtdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (sagda) we ABŞ-nyň prezidenti saýlanan Donald Tramp.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (sagda) we ABŞ-nyň prezidenti saýlanan Donald Tramp.

Aňtaw gulluklary Birleşen Ştaytlaryň prezident saýlawyna täsir etmäge gönükdirilen kiber hüjümleri Orsýetiň prezidentiniň buýrugy boýunça amala aşyrlypdyr diýen netijä gelenlerinden soňra, prezident Barak Obama bu hüjümleriň we berilen nädogry maglumatlaryň demokratlara etjek täsirine özüniň “kembaha” garandygyny aýtdy.

Obama 8-nji ýanwarda “ABC” telekanalyna beren interwýusynda men Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine kembaha garandyryn öýdemok diýdi.

“Ýöne täze informasiýa döwründe kiber hüjümleri, berilýän nädogry maglumatlar we beýleki zatlar biziň açyk jemgyýetlerimize, biziň açyk düzgünlerimize we demokratik ýörelgelerimize bu derejede täsir eder diýip pikir etmändim”.

“Meniň bu hasabatyň taýýarlanmagy barada buýruk bermegimiň sebäbi geçen birnäçe aýyň içinde bolan zatlar hakda diňe dawa açmak däl. Maksat Putiniň ençeme wagt bäri ozal Ýewropada, aýratyn-da öňki sattelit döwletlerde, indi-de günbataryň demokratik döwletlerinde edýän bu işlerine düşünmegimizi gazanmakdy” diýip, Obama aýtdy.

Obama bu beýanaty Amerikanyň aňtaw gulluklary Putin 8-nji noýabr saýlawyna täsir etmek maksady bilen kiber kampaniýasyny we mediany manipulirlemegi “buýrupdyr” diýen netijä gelenlerinden soňra etdi.

Klintony ‘abraýdan düşürmek’

Milli aňtaw gullugynyň direktorynyň býurosy tarapyndan 6-njy ýanwarda çykarylan raportda aýdylmagyna görä, bu iş demokratik bäsdeşi Hillari Klintony abraýdan düşürip, prezidentlige saýlanan respublikan Donald Trampa kömek etmek üçin edilipdir.

Raportda üsti açylan zatlar ozal hakerler ors hökümetiniň goldawy bilen Amerikanyň syýasy partiýalarynyň kompýuter serwerlerine giripdir diýilýän çaklamalary tassyklaýar.

6-njy ýanwarda hasabat çykarylmazdan öň, 20-nji ýanwarda wezipe başyna geljek Trampa ýokary derejeli aňtaw resmileri tarapyndan bu barada maglumat berildi.

Şondan soňra Tramp bir beýannama çykaryp, öz işgärlerinden wezipe başyna geleninden soňra deslapky 90 günüň içinde kiber hüjümlerini togtatmak barada bir plan düzmegi haýyş edendigini aýtdy.

Ol şeýle hem aňtaw gulluklarynyň işlerine ýokary hormat goýandygyny bildirdi.

Aýdylyşyna görä, Tramp Moskwanyň özüne kömek etmek üçin saýlaw işlerine garyşandygyny ret edýär. Ol bu aýyplamalar saýlawda gazanan üstünligine zyýan ýetirmek üçin syýasy bäsdeşleriniň oýlap tapan zadydygyny aýdýar.

“Hiç bir synanyşyk, hiç bir niýet başa baranok”

Ýöne Trampyň işgärleriniň başlygy Reins Priebus “Fox News” telekanalyna saýlanan prezidentiň Demokratik milli komitete we Klintonyň ýokary derejeli kömekçisine garşy gönükdirilen kiber hüjümleriniň aňyrsynda Orsýetiň ýatandygyny inkär etmeýändigni aýtdy.

Trampyň ýene bir maslahatçysy bolan Kellýanne Konwaý Orsýet saýlawa täsir etdi diýilýän pikirleri ret edýär.

Ol 8-nji ýanwarda “CNN” telekanalyna: “Biziň saýlawymyza täsir etmek üçin edilen hiç bir synanyşyk, hiç bir niýet başa baranok” diýdi.

Bu aralykda, Respublikan senatory Lindseý Graham Trampy saýlawa täsir etmäge synanyşandygy üçin Orsýeti jezalandyrmaga çagyrdy.

“Ol basym erkin dünýäniň goraýjysy bolýar. Meniň bir soraýan zadym Orsýetiň garyşandygyny boýun alyp, basyş bilen jogap bermek. Muny edeniň indikide Eýran bolmagy mümkin, Hytaý bolmagy mümkin” diýip, Graham 8-nji ýanwarda “NBC” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Tramp 7-nji ýanwarda özüniň Moskwa bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini ýene bir gezek gaýtalady.

Ol Twitterde: “Orsýet bilen gowy gatnaşykda bolmak erbet zat däl, gowy zat. Bu erbet diýip pikir edýänler diňe samsyklar ýa akmaklardyr” diýip ýazdy.

Obama “ABC” telekanalyna beren interwýusynda aňtaw gulluklaryna ynam etmek barada öz oruntutary bilen gürleşendigini belledi.

“Käbir wagtlarda gowy karara gelmegiň ýeke-täk ýoly bu prosesiň işleýändigine ynam etmek” diýip, Obama aýtdy.

Ol şeýle hem Trampa Ak tamy “öz maşgala biznesiňi dolandyrýan ýaly” edip dolandyrmaly däldigini maslahat beripdir.

Obama Tramp Birleşen Ştatlaryň institusiýalaryny “hormatlamaly”, ýurdy dolandyrmak kampaniýa alyp barmak däl, bular tapawutly zatlar diýdi.

XS
SM
MD
LG