Golaýda Türkmenistandaky ilkinji söwda hem dynç alyş merkezi bolan "Ýimpaş" söwda merkeziniň ýapylandygy we soň hem ýumruljakdygy barada maglumat ýaýrady.
Türkmen resmileri Aşgabadyň ilkinji we iň gelim-gidimli söwda merkezleriniň biri bolan “Ýimpaşyň” anyk näme sebäpden ýapylýandygy barada hiç hili düşündiriş bermeýärler.
Ýogsa-da, Aşgabatdaky “Ýimpaş” söwda merkeziniň ýapylmagy onuň ozalky işgärlerinde nähili seslenme döretdi?
Aşgabatdaky “Ýimpaş” söwda merkeziniň Azatlyk Radiosyna ýüzlenen ozalky işgärleriniň adyndan çykyş edýän Oguzhan bilen söhbetdeşligimizi diňläp, bu mesele barada pikir-bellikleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.