Türkmen metbugaty dünýä türkmenleriniň wekilleriniň her ýyl bellenilýän Bitaraplyk gününe çagyrylmagy ata watanyň olara berýän goldawyny görkezýär diýýär.
Emma muňa garamazdan, dürli ýurtlarda kömege mätäçlik çekýän etniki türkmenler agzalanda,Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty sebäpli olara ýardam edip bilmeýändigi aýdylýar.
Her ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Bitaraplyk gününi baýram edende, dünýä türkmenleriniň arasynda iň köp gozgalýan tema hem şu - Türkmenistanyň bitaraplygynyň dünýä türkmenlerine kömek etmäge döredýän «päsgelçiligi» bolup durýar.
Eýsem, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty dogrudanam, aýdylyşy ýaly, dürli ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň meselelerine aralaşmaga päsgelçilik döredýärmi?
Ýa-da bolmasa, Türkmenistanyň dünýä türkmenleri syýasaty bilen Bitaraplyk syýasaty gapma-garşylykly ýagdaý döredýärmi?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny 12-nji dekabr - Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli dünýä türkmenleriniň bitaraplyk bilen baglanşykly garaýyşlaryna gönükdirýär.