Pakistanyň hökümeti 2016-njy ýylyň ahyryna çenli migrantlaryň ýurdy meýletin terk etmegi üçin möhlet berdi. Bu karar ol ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleri hem öz içine alýar.
Eýsem, şeýle karardan soň Pakistandaky türkmenleriň hemmesiniň bellenen möhlete çenli ýurdy terk etmäge mümkinçiligi barmy? Pakistandan göçen ýa-da göçmäge synanyşýan türkmenler nähili ýagdaýlary başdan geçirýär?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny şu ýylyň ahyryna çenli Pakistandan çykmagy soralan etniki türkmenleriň häzirki ykballaryna gönükdirýär.