Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban: Hukuklaryň hormatlanmagy abadançylygy ýokarlandyrýar


Türkmenistan, otlynyň koridorynda ýatan ýolagçy
Türkmenistan, otlynyň koridorynda ýatan ýolagçy

Türkmenistan bu gezek her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýän halkara Adam hukuklary gününi ýedi gün öňünden garaşsyz žurnalisti we onuň ejesini nas saklamakda aýyplap tussag etmek, bir gün öňünden bolsa 500-den gowrak tussagyň günäsini geçmek bilen garşylady.

Elbetde, tussaglar halkara Adam hukuklary güni mynasybetli däl, Türkmenistanyň 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk güni mynasybetli bagyşlandy.

Ikinji tarapdan, bu günä geçiş Türkmenistanyň BMG-niň Adam gynalmagyna garşy göreş komitetinde nobatdaky ýyllyk hasabatyny beren wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Aşgabadyň bu guramada beren hasabatyndan soň, «The Diplomat» neşiri Türkmenistandaky ýagdaýy orta asyrdaky adam gynamalaryna deňedi.

Sebäbi BMG-niň Adam gynamalaryna garşy göreş komiteti Aşgabady adam hukuklaryny yzygiderli bozmakda, şol sanda türmede adam zorlamakda we urmakda, syýasy ýitirim etmelerde aýyplady.

Şeýle-de bu gurama türkmen prezidenti Berdimuhamedowy adam gynamagyň kabul ederlik däldigini gep-gürrüňsiz tassyklap, jemgyýetçiligiň öňünde beýanat etmäge çagyrdy.

Öňki ýyllardaky çagyryşlardan tapawutlylykda, bu ýyl Türkmenistandan 2017-nji ýylyň dekabryna çenli zorlukly ýitirim edilenleriň ählisi, şeýle-de žurnalistleriň, hukuk goraýjy aktiwistleriň öz professional işleri bilen baglylykda sud edilmezden saklanýan halatlary barada maglumat bermegi talap edildi.

BMG-niň Täzelikler merkeziniň 8-nji dekabrdaky habarynda aýdylmagyna görä,
«Ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow dereksiz ýitdi. Ol barada hiç zat mälim däl – diýip, Adam gynamalaryna garşy göreş baradaky komitetiň eksperti Felis Gaýe aýtdy. – ÝHHG-däki ozalky ilçi Batyr Berdiýewiň ykbaly barada hem hiç zat bilnenok» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ozalky çagyryşlar netije bermedi

Halkara guramalary Türkmenistany mundan öňem adam hukuklaryny hormatlamaga çagyrardylar, emma bu çagyryşlar, hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, o diýen gowy netije bermän gelýär.

Ýöne indi, Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygynyň pikirine görä, Aşgabadyň öňünde anyk adamlar hakynda anyk mesele goýuldy, Türkmenistan indi türmede ýitenler barada anyk maglumat bermeli.

«Hakykatdanam, bu hukuk goraýjylar ýa-da ejir çekenler üçin prinsipde örän gowy täzelik, sebäbi şu wagta çenli BMG we beýleki halkara guramalary Türkmenistan babatda standart proseduralary ulandylar» diýip, Tuhbatullin aýdýar.

«Mysal üçin, BMG-niň dürli komitetlerine hökümet dört ýylda bir gezek hasabat bermeli. Häkimiýetler bu komitetlerde berilýän soraglara ýa jogap bermezdiler, ýa-da ýurtda kabul edilen kanunlary sanardylar we hiç bir anyk zat aýtmazdylar, statistiki maglumatlary bolsa asla getirmezdiler» diýip, hukuk goraýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma ol indi türkmen häkimiýetleriniň türkmen türmelerinde ýitenler diýilýänlere näme bolandygyny aýtmaly boljakdygyny, sebäbi olaryň öňünde juda anyk soragyň goýlandygyny belleýär:

«Meniň pikirimçe, häkimiýetlere indi haýsydyr bir kanuna ýa däp-dessurlara salgylanmak örän kyn bolar, bu halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistan bilen başgaça işleşip bolmajagyna düşünmeginiň netijesi bolsa gerek» diýip, Tuhbatulin Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Şu aralykda "Turkmenistan.ru" saýty Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatlarynyň, ÝHHG merkeziniň, BMG-niň Ösüş programmasynyň we ÝUNISEF-iň wekilleriniň Baýramalydaky ýetginjekler koloniýasyna baryp görmäge mümkinjilik alandygyny habar berdi.

Mundan öň halkara hukuk toparlarynyň we garaşsyz ekspertleriň türkmen türmelerine baryp görmek baradaky haýyşlary köplenç jogapsyz galýardy.

Mälim bolşy ýaly, Adam hukuklary güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1948-nji ýylyň 10 dekabrynda Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny kabul eden gününde bellenilýär.

Türkmenistan hem bu jarnamanyň we beýleki halkara konwensiýalarynyň bir toparyny tassyklan ýurt. Emma Aşgabat hem halkara kanunlaryny, hem öz kanunlaryny yzygiderli bozmakda tankyt edilýär.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Munuň guramanyň saýtynda ýerleşdirilen sözlerinde nygtalmagyna görä, "Adam hukuklaryny berjaý etmek hemmeleriň bähbidine. Adam hukuklarynyň hormatlanmagy her bir adamyň abadançylygyny, her bir jemgyýetiň durnuklylygyny, şeýle-de biziň özara baglanyşykly dünýämiziň sazlaşygyny ýokarlandyrýar».

XS
SM
MD
LG