Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede türkmenistanly "gülençi" tussag edildi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkiýäniň Sakarýa uniwersitetinde Fethullah Gülen hereketiniň öňbaşçylaryny ele salmak üçin geçirilen operasiýada 10 adam tussag edildi.

Türk metbugatynda ýaýran habarda aýdylşyna görä, sülçüliginiň geçiren aňtaw işleriniň netijesinde Sakarýa uniwersitetinde ýokary bilim alýan studentleri Fethullah Güleniň "FETÖ/PÝD" terror toparynyň hataryna goşmak üçin, olaryň bolýan ýerlerinde ýörite tagalla alnyp barlandygy barasynda delilnamalar jemlenýär.

Türk howpsuzlyk işgärleri Sakarýa uniwersitetindäki Gülen toparynyň "agabeýler" diýilýän öňbaşçylary bilen sebitiň studentler boýunça ýolbaşçylaryny ele salmak üçin, ýörite operasiýa gurnaýar. Sülçülik Gülen toparyna agitasiýa edýän 14 adamyň göz astyna alynmagyna ýörite karar çykarýar.

Geçirilen operasiýalarda, studentleri Gülen toparynyň hataryna goşmak üçin agitasiýa etmekde aýyplanýan uniwersitet boýunça wezipeli öňbaşçylar we studentleriň arasyndaky “gülençi” student baştutanlardan ybarat 10 adam polis merkezine äkidilýär.

Türk metbugatynda tussag edilen şol 10 adamyň arasynda türkmenistanly bir “gülençiniň” hem bardygy aýratyn üns çekýär. Olaryň ýaşaýan ýerinde tapylan Gülen toparyna degişli materiallar ýygnalyp, kanun goraýjy organlara tabşyrylýar. Metbugatda olaryň 4 ýaranynyň gözlenmegi dowam edýändigi bellenýär.

Edilen ähli synanşyklara garamazdan, Gülen toparyna agza bolmakda aýyplanyp tussag edilen şol türkmenistanly raýatyň ykbaly barasynda Azatlyk Radiosyna haýsam bolsa bir maglumat almak başartmady. Muňa garamazdan, käbir türk bilermenleri Türkmenistandaky “gülençi” okuw jaýlarynyň uçurymlary bilen bir hatarda, Türkiýä ýokary bilim almaga gelen türkmenistanly studentleriň aglaba böleginiň Güleniň "Hyzmat" hereketi bilen ilteşikli bolandygyny ýatladýarlar.

Ýatlap geçsek, Fethullah Gülen topary 15-nji iýulda Türkiýede başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda aýyplanýar. Güleniň ýolbaşçylygyndaky "Hyzmat" hereketiniň Türkiýeden daşaryn dürli ýurtlarda we şol sanda Türkmenistanda hem dürli okuw jaýlarynyň bolandygy aýdylýar. Olardan Aşgabatda ýerleşýän Türkmen-Türk uniwersiteti hem ýapyldy. Soň Türkmenistanda Gülen bilen ilteşiklidir öýdülýän telekeçiler basyldy.

Sözümiziň soňunda bellesek, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Güleniň okuw merkezlerini ýapmak baradaky talaby bilen Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň ýapylmagynyň arasynda nähilidir bir arabaglanyşygyň bardygyny garaşsyz we resmi çeşmelere tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG