Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Gülene gatnaşyk üçin yzarlamalar dowam edýär


Türk dinçisi Fethulla Gülen
Türk dinçisi Fethulla Gülen

Türkmenistanda ady belli türk dinçisi Fethulla Gülen bilen gatnaşygy mälim bolan ýa-da güman edilýän telekeçileriň yzarlanmagy dowam etdirilýär.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, soňky hepdelerde tanymal türkmen telekeçileriniň we öz wagtynda türkmen-türk okuw jaýlarynda işlän mugallymlaryň ençemesi derňewlere çekildi.

Geçen aýda Azatlyk Radiosy Gülen bilen bagly guramalar bilen gatnaşykda güman edilip, aýyplanan orta biznes wekilleriniň onlarçasynyň tussag edilendigini habar beripdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan azyndan iki çeşme tutuş ýurt boýunça 150-den gowrak adamyň tussag edilmegi barada gürrüň gidýändigini aýdýarlar. Olar esasan türkmen-türk okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň öňki işgärleri.

Häkimiýet strukturalaryna ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda öňki türk mekdeplerine gatnaşygy bolan ellä golaý telekeçi we mugallym soraga çekilipdir. Olaryň arasynda ýurtda ady belli telekeçiler ýagny Abadan şäherindäki türk mekdebiniň öňki müdiri 41 ýaşly Begmyrat Rejepow we Aşgabatda dükana eýe bolan telekeçi 40 ýaşly Döwlet Ataýew.

“Noýabryň başynda 50-den gowrak biznesmeni tussag etdiler. Olary çagyrýarlar, soň käbirlerini goýberýärler, käbirlerini saklaýarlar. Şu günki gün Begmyrat Rejepowyň tussag astyna alnandygyny men bilýärin. Ol “Päk Nesil” okuw merkeziniň müdiri we meňzeş atly reklama şirketiniň eýesi. Agzalan okuw merkezi Fethulla Güleniň guramasynyň goly astyndaky “Başkent” medeni-okuw merkeziniň esasynda döredilipdi. Türk mekdeplerini ýapanlarynda “Başkentiň” ýerine “Päk Nesil” açyldy. Gyzykly ýeri, Begmyrat Rejepowy ikinji gezek saklaýarlar. Birinji gezek ol oktýabr aýynda saklanypdy, soň goýberilipdi. Emma meniň bilişime görä, häzir ol ýene-de tussag astynda saklanýar. Ikinji gezek tussag edilenleriň arasynda “A-Market” dükanyň eýesi Döwlet Ataýew hem bar. Ol hem oktýabrda tussag edilip, soň çykypdy. Emma ony ýene tutdular. Bilşim ýaly Begmyrady we Döwleti, şeýle-de ýene birnäçe adamy Ahal welaýatyndaky “Ýaşlyk” deslapky tussaghana (SIZO) geçirdiler. Bu bolsa olary tiz boşatmajaklaryny aňladýar”, diýip Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Döwlet Ataýew Türkmenistanda uly täsire eýe bolan Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň ýolbaşçy wezipeleriniň birini eýeleýän Suhan Ataýewiň agasy.

Azatlygyň öz çeşmesi bu maglumaty we türk dinçisi Fethulla Güleniň ýolbaşçylygyndaky “Hizmet” guramasy bilen gatnaşygy göze ilen biznesmenleriň yzarlanmagyny tassyklady. Türk häkimiýetleri Güleni şu ýylyň 25-nji iýulynda harby agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygyny maliýeleşdirmekde aýyplaýar.

Biziň çeşmämiziň aýtmagyna görä, noýabryň başynda tutha-tutluklar dogrudanam dowam edip, Begmyrat Rejepowy gaýtadan tussag edipdirler, Döwlet Ataýewi hatda goýbermändirler. Şeýle-de onuň sözlerine görä, “Aga gurluşyk” atly iri gurluşyk kompaniýasynyň eýeleri ýaly uly biznesmenleri gürrüňdeşlige çagyrypdyrlar. Olardan “Hizmet” guramasy bilen ähli aragatnaşygy kesmek barada dil haty alynypdyr.

Şeýle-de, munuň bilen baglylykda bellesek, «Aga Gurluşyk» Aşgabatda jaýlaryň gurluşygy boýunça işleri ýerine ýetirýän iri döwlet hyzmatdaşy bolup durýar. Ýaňy-ýakynda 20-nji oktýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Aga Gurluşyk” şirketi tarapyndan gurlan jaý toplumyny açypdy.

Bu makalanyň ýazylan wagtynda Begmyrat Rejepowyň tussag astyndan goýberilendigi barada Azatlyga ýene bir çeşmeden maglumat gowuşdy. Üstesine, bu çeşmäniň öňe sürmegine görä, döwlet bilen işleşen iri gurluşyk şirketleriniň ýene biri “Polot Gurluşyk” kompaniýasynyň eýesi Öwez Allaberdiýew hem azatlyga çykypdyr.

Allaberdiýewiň we beýleki biznesmenleriň, şol sanda Rejepowyň we Ataýewiň ilkinji gezek saklanmagy barada Azatlyk Radiosy şu aýyň başynda habar beripdi.

Emma Rejepowyň we Ataýewiň tussaglykdan boşadylmagy baradaky maglumaty Azatlyk tassyklap bilmedi. Türkmenistanyň resmi edaralaryndan bu tema degişli islendik maglumat ýa-da pikir almak boýunça ähli synanyşyklar netijesiz boldy.

Azatlygyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, biznesmenleriň yzarlanmagynyň olaryň Birleşen Ştatlarda sürgünlikde ýaşaýan türk oppozisioneri Fethulla Gülen bilen güman edilýän gatnaşyklary bilen baglydygy Türkmenistanda indi hiç kim üçin syr däl.

15-nji iýulda agdarylyşygy amala aşyrmak boýunça şowsuz synanyşykdan soň Ankara Gülen we onuň “Hizmet” guramasy bilen bagly adamlara hem guramalara, diňe Türkiýäniň içinde däl, daşynda-da basyşyny güýçlendirdi.

Bellemeli ýeri, tutha-tutluklaryň täze tapgyry prezident Erdoganyň goňşy Özbegistana saparyna gabat geldi.

Şeýle-de, geçen hepdede, Erdoganyň Pakistana saparynyň öňüsyrasynda Yslamabat Güleniň hereketi bilen bagly türk mekdepleriniň 130 çemesi mugallymyny tussag etdi we ýurtdan çykardy.

Türkmenistanda tutha-tutluklaryň tolkuny, şeýle-de, ýurtdaky iň uly söwda merkezleriniň biri bolan “Ýympaş Holding” türk kompaniýasyna degişli “Ýympaş” söwda merkezine öň görlüp-eşidilmedik basyşyň görkezilmegine gabat geldi.

Bu kompaniýanyň ýolbaşçylar geňeşiniň müdiri Dursun Uýar geçmişde Güleniň hereketiniň tarapdarydy. 2007-nji ýylda Germaniýanyň derňew edaralary tarapyndan galplykda aýyplanan we yzýany Türkiýede bir ýyllyk tussag astyna alnan Uýaryň şondan soň öz syýasy garaýyşlaryny mälim etmegi göze ilmändi.

Şeýle-de ýatladyp geçsek, öz döwründe “Ýympaş Holding” türkmen-türk okuw jaýlaryna maddy kömegini berýärdi.

“Ýympaş” söwda merkeziniň sezewar bolan kynçylyklarynyň käbir toparlaryň bu biznese eýe bolmak niýeti bilen bagly bolmagy barada hem çaklamalar bar. Emma Azatlyk şeýle çaklamalara tassyknama tapmady.

XS
SM
MD
LG