Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji noýabrda resmi sapar bilen Soça baryp, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
“Westnik” neşiri iki lideriň duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýan möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär.
“2015-nji ýylda siziň ýurduňyzdan biziň ýurdumyza edilýän importyň möçberi iki esse artdy. Bu bizi begendirmän duranok, ýöne ýene edilmeli işler bar. Biziň heniz çözülmedik mesellerimiz hem bar. Biz bu gün şolaryň ählisine serederis” diýip, Putin aýtdy.
Berdimuhamedow hem öz çykyşynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklara ünsi çekip, “Eger biz dünýäde nämäniň bolup geçýändigini nazara alsak, onda käbir görkezijileriň pese gaçan bolmagy mümkin. Ýöne şonda-da, biz soňky ýyllarda gowy deňagramlylygy saklaýarys” diýdi.
Şeýle-de, türkmen lideri Russiýadaky ýaly potensialyň Türkmenistanda hem bardygyny aýdyp, Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň sammitinde ykdysady forumy ýa-da logistik merkezi döretmek hakyndaky pikirleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýatlatdy. Şeýle-de, ol bu pikiri Putiniň hem goldandygyny belledi.
“Men şu gün siziň hem transporty, tranzit koridoryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigiňizi gördüm” diýip, türkmen prezidenti aýtdy.
Russiýa türkmen gazy üçin “pes nyrh keser”
Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Moskwa edýän bu ilkinji sapary iki ýurduň arasynda gaz söwdasynyň ýatyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Ýatlap geçsek, şu ýylyň sentýabr aýynda “Gazprom” kompaniýasynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew çykyş edip, “Gazprom türkmen tebigy gazyny 2018-nji ýylyň aýagyna çenli satyn almaz we şu aralykda baha dawasyna çözgüt tapmaga synanyşar” diýipdi.
Oktýabr aýynyň başynda hem Eýranyň Nebit ministriniň orunbasary Hamidreza Eragi “Eýranyň türkmen gazyny import etmek zerurlygynyň aradan aýrylandygyny” aýdypdy.
Käbir ekspertler türkmen prezidentiniň bu saparynyň dowamynda, türkmen-rus energiýa hyzmatdaşlygyny gaýtadan ýola goýmak ugrunda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.
Energiýa howpsuzlygy boýunça analitik John Robertsiň sözlerine görä, iki lideriň duşuşygynyň dowamynda energiýa hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşyga gelinse-de, Russiýanyň türkmen gazy üçin berjek töleg nyrhy Hytaýyňkydan hem pes bolar.
“Russiýanyň her ýylda 100 milliard kubmetr gazy öndürmäge mümkinçiligi bar. Olaryň eýýäm eksport ederden has köp tebigy gazy bar. Şeýlelikde, olar näme sebäpden mundan hem köp gaz islesinler? Olar [tebigy gazy] gymmat bahadan satyp gazanç etmek üçin, örän arzan bahadan satyn almaly bolýarlar” diýip, Roberts aýtdy.
Ykdysady kynçylyklar
Orsýetli bilermen, Russiýanyň syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow bolsa, türkmen prezidentiniň bu saparynyň “Türkmenistanyň başdan geçirýän agyr ykdysady kynçylyklary bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny” aýdýar.
Şeýle-de, ol bu sapary iki ýurduň arasynda gaz söwdasynyň ýatyrylmagy, türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlygyň ýaramazlaşmagy we Türkmenistanda ýetip gelýän prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşdyrýar.
Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Türkmenistan öz tebigy gazyny üç ugur boýunça – Hytaýa, Russiýa we Eýrana – akdyrýar. Häzirki wagt türkmen gazynyň esasy bölegi Hytaýa akdyrylyp, onuň möçberi ýylda 30 milliard kub metre barabar.