Türkmenistanyň günbatarynda 5.8 magnitudaly ýer titreme boldy.
ABŞ-nyň Geologiýa merkezi ýer titremäniň 26-njy oktýabrda Aşgabat wagty 19:15 bolandygyny habar berdi. Maglumata görä, ýer titreme Türkmenistanyň günbatarynda Balkan şäherinden 10 kilometr uzaklykda emele gelipdir.
Balkan welaýatyndan gowuşan maglumatlarda ýer titremäniň yzýany ýerli ýaşaýjylaryň köpçülikleýin öz öýlerinden çykmagy, käbir ýaşaýjylaryň başga welaýatlardaky garyndaşlarynyň ýanyna wagtlaýyn göçüp gitmegi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykandygy aýdylýar.
Türkmenistanyň resmi habar serişdelerinde ýer titremäniň bolandygy we onuň netijeleri barada henize çenli hiç hili habar berilmeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň habar bermegine görä, güýji 4 magnituda barabar ýer sarsgynlary ýerli wagt bilen 19:19 Aşgabatda hem duýulypdyr.
Türkmenistanyň resmi habar serişdelerinde ýer titreme barada habar berilmedi.
Türkmen resmileri 2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Balkan welaýatynyň häzirki ady Bereket (Gazanjyk) şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň ençemesini ýumuran güýçli ýer titreme barada hem habar bermändi.
Türkmenistan seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşýär.
Türkmenistanyň taryhynda iň güýçli ýer titreme 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bolup, 7.3 magnitudaly ýer sarsgynlarynyň döreden weýrançylygy zerarly azyndan onlarça müň adam wepat bolupdy.
Türkmenistanda her ýyl 6-njy oktýabrda Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň matam güni bellenýär.