Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz aktiwistiniň sud işi derňewçilere geçirildi


Türmä basylan etniki özbek aktiwisti Azimjan Askarow. 4-nji oktýabr, 2016 ý. Bişkek, Gyrgyzystan.
Türmä basylan etniki özbek aktiwisti Azimjan Askarow. 4-nji oktýabr, 2016 ý. Bişkek, Gyrgyzystan.

Gyrgyzystanyň sudy türmä basylan etniki özbek aktiwisti Azimjan Askarowyň sud işini gaýtadan derňewçilere geçirdi.

Askarow 2010-nji ýylda etniki gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda bolan ýowuz çaknyşyklar döwründe etniki ýigrenji möwjetmekde we polisiýa işgäriniň öldürilmegine gatnaşmakda aýyplanyp, 2011-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Şu ýylyň iýul aýynda Gyrgyzystanyň Ýokary sudy Askarowyň ömürlik türme tussaglygyny goýbolsun edip, aktiwistiň işini “sud işinde peýda bolan täze ýagdaýlar” sebäpli aşaky suda iberdi.

4-nji oktýabrda Çui regional sudy derňewler tamamlanýança, Askarowyň tussaghanada galmalydygy barada karar çykardy.

Birleşen Milletler Guramasy Askarowa garşy ýöňkelen aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdyp, Gyrgyzystany ony azatlyga goýbermäge çagyrdy.

2010-njy ýylda Gyrgyzystanda bolan çaknyşyklarda aglabasy etniki özbeklerden ybarat 450-den gowrak adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG