Türkmenistanda gaýtadan on ýyllyk mekdep düzgünine gaýdyp gelmegiň gürrüňi edilýär.
Bu barada resmi metbugatda ol ýa-da beýleki görnüşde düşündiriş berilmeýär, şol bir wagtda mugallymlara täze okuw ýylynyň ahyrynda 4-nji klas okuwçylarynyň bilim derejesiniň barlanyljakdygy, ýagny olaryň synagdan geçiriljekdigi aýdylypdyr.
Gelip gowuşýan habarlara görä, eger okuwçylaryň bilim derejesi talap edilýän derejeden pes bolsa, Türkmenistanda ýene 10 ýyllyk okuw düzgünine dolanmak meselesine serediler.
Türkmenistanda S.Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda 9 ýyllyk okuw düzgünine geçilipdi, G.Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň, türkmen mekdeplerindeilki 10 ýyllyk, soňra 12 ýyllyk okuw düzgünine geçildi.
Synçylaryň käbiri gaýtadan 10 ýyllyk okuwa gaýdyp gelmegiňsebäplerini ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, şeýle-de goşun gullugyna almaly ýaş ýigitleriň ýeterlik bolmazlygy bilen baglanyşdyrýar.
Azatlyk radiosy bu mesele barada ýerli synçy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.