Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň ogly 'täze wezipä bellenildi'


Serdar Berdimuhamedow (sagdan ikinji) atasy, kakasy we ogly bilen
Serdar Berdimuhamedow (sagdan ikinji) atasy, kakasy we ogly bilen

Internet neşirlerinde prezident G.Berdimuhamedowyň ogly Serdaryň täze wezipä bellenilendigi barada habarlar ýaýrady. Emma Moskwada bir döwürde bile okan kursdaşy onuň örän gowşak student bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasynyň 18-nji iýulda çap eden maglumatyna görä, prezidentiň ogly kakasynyň ýörite karary esasynda Daşary işler ministrliginde täze wezipä bellenildi.

Azatlyk radiosynyň bu habary tassyklatmak ýa inkär etdirmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine çykmak synanyşyklary şowsuz gutardy, ol ýerde telefona jogap bermediler.

Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, Serdar Berdimuhamedow DIM-de täze wezipä bellenilmezinden öň Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň ýolbaşçylarynyň biri bolupdyr.

Resmi metbugatda aýdylmagyna görä, bu agentlik prezidentiň 15-nji iýuldaky karary bilen ýatyrylmaly edildi. Şeýle-de prezident şol gün geçiren hökümet maslahatynda DIM-iň düzüminde täze wezipe orunlaryny döretmek baradaky karara gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen prezidentiniň maşgala agzalary, hususan-da ogly hakynda türkmen metbugatynda kän zat aýdylmaýar.

Eurasianet.org neşiri Orsýetiň lenta.ru neşirinde çap edilen maglumatlara salgylanyp, Serdaryň mundan öň hem birnäçe hökümet wezipesine bellenilendigini, oba hojalyk ministriniň orunbasary bolup işländigini, şeýle-de onuň birnäçe biznesiniň, şol sanda pagta egirme-dokma fabriginiň, mineral suw zawodynyň we oteller toplumynyň bolandygyny ýazýar.

Şol bir wagtda prezidentiň ogluny, agtygyny öz ornuna taýýarlaýan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýänler-de bar.

Eýsem Serdar Berdimuhamedow hakynda ony ýakyndan ýa daşdan tanaýanlar näme aýdýar?

"Gowşak student"

Käbir maglumatlara görä, Serdar Berdimuhamedow 2008-2011-nji ýyllarda Orsýet Federasiýasynyň DIM-iniň Diplomatiýa akademiýasynda okapdyr.

Golaýda Türkmenistandan Ýewropa çykan, Moskwada Serdar bilen bir döwürde halkara gatnaşyklary boýunça ýokary bilim alan Diana Serebrýannigiň Azatlyk radiosyna gürrüň bermegine görä, prezidentiň ogly örän gowşak student bolupdyr:

«Men kadrlar we sosial meseleler boýunça prorektor Radkin Wýaçeslaw Mihaýlowiçi gowy tanaýardym. Onuň sözlerine görä, Serdar örän gowşak studentdi, onuň rus dilinden uly kynçylyklary bardy, ol rus dilini bilmeýärdi.»

Diananyň tassyklamagyna görä, Serdar Diplomatiýa akademiýasynda Halkara gatnaşyklary fakultetiniň gündizki bölüminde okaýan wagty goşmaça sapak alyp, daşary ýurt dili hökmünde, rus dilini hem öwrenmeli bolupdyr.

Şeýle-de Diana Serebrýannik Serdaryň Akademiýada okan wagty gürlemsek bolmandygyny, kursdaşlarynyň oňa ýaňsy bilen seredendiklerini ýatlaýar:

«Onuň dosty ýokdy, janpena bilen gelerdi, ony gapa çenli getirip, gapynyň ýanynda hem garşy alardylar. Ol hiç kim bilen gürleşmezdi.»

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary 2014-nji ýylda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, «ýazan ylmy işini üstünlikli goranyndan» soň, ylymlaryň kandidaty diýen derejäni alandygyny ýazdy.

TI-nyň ýazmagyna görä, Serdaryň ylmy ýolbaşçysy YA-nyň prezidenti, tehniki ylymlaryň doktory G.Mezilow bolansoň, Serdar ýa tehniki ylymlaryň, ýa-da fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty bolan bolmaly.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri, ozalky diplomat N.Hanamow golaýda prezident G.Berdimuhamedowa açyk hat ýazyp, ony ömürlik prezident bolmak, soň ornuny agtygyna goýmak hyýalynda aýyplady.

Hanamowyň pikiriçe, prezidentiň ogly Serdaryň wezipe basgançaklarynda ösdürilmegi diňe «ätiýaçlykdan» görülýän çäre bolup durýar.

Emma bu aýdylýanlara garamazdan, Türkmenistan olary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

XS
SM
MD
LG