Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy barada bilinýän zat az. Ýöne maşgalanyň bir agzasy, ýagny onuň agtygy Kerimguly soňky döwürde mediada görkezilip başlandy.
Ol Birleşen Ştatly aýdymçy Jennifer Lopeziň çykyş eden konsert zalynyň sahnasyna çykdy. Çagalaryň aýdym aýdyp, tans edýän medeni çäresinde märekede ata mündi. Telewideniýede görkezilen beýleki wideogörnüşlerde ol atasynyň elinden tutup, onuň ýanynda gezip ýör.
Kerimguly Berdimuhammedow, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň takmynan 12 ýaşly agtygydyr. Oňa maşgalanyň beýleki agzalaryna berilmedik mümkinçilikler berlip, prezidentiň agtygy döwlet telewideniýesinde üns merkezine öwrülip barýar.
Kerimguly ilkinji gezek mediada
Kerimguly mediada ilkibaşda 2012-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen saýlawlarda görkezilipdi. Şonda ol atasy saýlaw bölümine ses bermäge gelende, onuň ýanynda durup, mawy ekrana çykypdy. Şondan bäri hem şol oglanjyk Türkmenistanda geçirilýän birnäçe köpçülik çärelerinde mediada halka görkezilýär.
(Türkmenistanyň Döwlet telewideniýesiniň dürli programmalaryndan ýygnalan wideo görnüşler.)
Golaýda, has takygy 29-njy iýunda prezidentiň Hazaryň kenaryndaky Awaza dynç alyş merkezinde zynata çümüp, gymmatbaha aýdymçylaryň, şol sanda amerikaly aýdymçy Jennifer Lopeziň hem çykyş etmeginde bellän 56 ýaşynyň toýunda prezidentiň agtygy, sahna çykyp, pianino çaldy.
Jennifer Lopeziň bu çärä gatnaşmagy bolsa halkara jemgyýetçiliginde gelşiksiz hem jedelli ýagdaý hökmünde gürrüň edildi.
Kerimgulyň çykyşy
Türkmenistany we onuň “Arkadagyny” wasp edip çykyş edýän beýleki aýdymçylar bilen bir hatarda prezidentiň agtygy hem sahna çagyryldy we ony halka ýetirenlerinde, diňe “Kerimguly Berdimuhammedow” diýip tanatdylar. Ol hem milli eşikde sahna çykyp, çykyş etdi. Şonda sahnadan şeýle sözler ýaňlandy:
“Gijeleriň owadan, şugla salan.
Gözlerimde guwanjym, jan watanym.
Arkadag saýasynda, arşa galan,
Ýüregimde buýsanjym, jan watanym.
Berdimuhamedowyň maşgala durmuşy edil syr ýaly saklanýar. Ýaşajyk Kerimguly barada-da onuň ene-atasynyň kimdigi barada-da köp zat bilinmeýär.
Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 2009-njy ýylyň dekabr aýynda goýberen maglumatynda prezident Berdimuhmedowyň iki gyzy bilen bir ogly bar diýilýär.
Oglunyň ady Serdar we ol Moskwada halkara gatnaşyklar ugrundan bilim alan. Serdar geçen ýyl Daşary işler ministrliginde işleýän ekeni.
Iň uly gyzynyň ady Güljahan bolup, onuň Yhlasgeldi Amanowa durmuşa çykandygy aýdylýar. Yhlasgeldi Amanow Türkmenistanyň Londonda ýerleşýän ”Uglewodorod çig malyny ulanmak we dolandyrmak boýunça türkmen agentliginiň” wekili bolup işläpdir.
Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda goýberen beýleki bir maglumatyna salgylansaň, Güljahan bilen Yhlasgeldiniň 2009-njy ýylda doglan Aýnagözel atly bir gyzy we 2005-nji ýylda doglan Ysmaýyl atly bir ogly bar ekeni.
Berdimuhamedowyň beýleki gyzynyň 2009-njy ýylda Parižde ýaşandygy habar berilýär. Şol döwürde prezidentiň gyzynyň adamsy Pariždäki türkmen ilçihanasynda işleýän ekeni.
Ilçihana tarapyndan 2009-njy ýylyň dekabr aýynda goýberilen maglumatlarda, Berdimuhamedowyň uzak wagtdan bäri Mariýa atly etniki ors oýnaşynyň bolandygy barada myş-myşlaryň bardygy hem bellenilip geçilipdir. Ol Berdimuhamedowyň işlän diş bejeriş merkezinde şepagat uýasy bolup işleýän ekeni. Onuň türkmen prezidentinden 17-18 ýaşlarynda gyzynyň bardygy aýdylýar.