Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çözülmesi çatak diplom meselesi


Aşgabat, Ruhnama adyndaky mekdep
Aşgabat, Ruhnama adyndaky mekdep

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary we orta okuw jaýlarynda alnan dokumentleri ykrar etmegiň täze düzgüni tassyklanyldy, emma daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmek kynçylyklarynyň saklanyp galýandygy aýdylýar.

Türkmen metbugaty daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek meselesine geçen hepde, Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde seredilendigini habar berýär.

Dogrusy, bu mesele hökümet mejlislerinde öňki ýyllarda hem ençeme gezek gozgalypdy we daşary ýurt diplomlarynyň hiç bir kynçylyksyz ykrar edilmegi, hünärli ýaşlaryň wagtynda işe ýerleşip bilmegi üçin prezident tarapyndan degişli tabşyryklar berlipdi.

Düzgün üýtgeýär, emma...

Ýöne muňa garamazdan, indi bäş-alty ýyl bäri, her ýyl daşary ýurt diplomlaryny ykrar meselesi gün tertibine getirilýär. Şol bir wagtda, daşary ýurtlarda okan ýaşlaryň Azatlyk radiosy bilen paýlaşýan tejribeleri, näme üçindir, resmi habarlarda agzalmaýar.

Iň soňky çap edilen dokumente, ýagny täze tassyklanan düzgünnama görä, daşary ýurtlarda alnan diplomlary Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin dokuz sany dokument gerek. Ol dokumentler Bilim ministrligine ýazylan arzadan başlanyp, diplomyň asyl nusgasynda tamamlanýar.

Emma bu täze düzgünnamanyň şondan başga jikme-jiklikleri barada türkmen metbugatynda goşmaça düşündiriş berilmeýär.

Munuň üstesine, Azatlyk radiosynyň ýurduň Bilim ministrliginiň işgärleri bilen habarlaşmak synanyşyklary hem şowsuz gutardy, ol ýerde telefonlary almaýarlar.

Daşary ýurtlarda okan we okaýan türkmenistanlylaryň bir toparynyň Azatlyk radiosyna beren maglumatlaryna görä, düzgünleriň täzeden tassyklanmagy daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlary işe ýerleşdirmekde bar bolan kynçylyklary azaltmaýar.

Adyny aýtmazlygy soran türkmen studenti bu ýerde çözülmeýän esasy iki meseläniň - studentleriň ala tutulmagynyň we şu ýerden gelip çykýan korrupsiýa, para kynçylygynyň bardygyny aýdýar.

Ozal "Ruhnama" indi taryh

Diplomlary ykrar etmek baradaky ekzamenlerde, Türkiýede okaýan studentiň tassyklamagyna görä, ozal S.Nyýazowyň «Ruhnama» kitaby boýunça sorag köp bolan bolsa, indi türkmen taryhyna degişli soraglary köp berýärler.

Golaýda synagdan ýykylan bir ýaş ýigidiň Azatlyk radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, ol ozal häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda bolan Parfiýa döwletiniň «türkmen döwleti bolandygyny» bilmeýändigi üçin diplomyny ykrar etdirip bilmändir.

Aýdylmagyna görä, türkmen telewideniýesinde soňky döwürler Parfiýa döwletiniň pars däl-de, türkmen döwleti bolandygy, Gökdepe etrabyndaky Yzgant obasynyň bolsa Oguzkent, ýagny oguzlaryň şäheri bolandygy barada gepleşik berýär.

Adyny aýtmakdan saklanan türkmen studentiniň aýtmagyna görä, diplomlary ykrar etdirmekde esasy kynçylyk ýa-da mesele korrupsiýa bilen bagly.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan ozalky we häzirki türkmen studentleriniň gürrüňlerine görä, Türkmenistanda daşary ýurtlarda agşamyna, gaýybana okalyp alnan diplomlary, hususy okuw jaýlarynda okan studentleriň dokumentlerini kabul etdirmek juda kynlygyna galýar.

XS
SM
MD
LG