Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaýybana diplomlar ykrar edilmez


Türkmen diplomy
Türkmen diplomy
Türkmenistanda, şu ýyldan başlap, daşary ýurtlarda gaýybana okap alnan diplomlar ykrar edilmez. Bu barada halk köpçüligine ýaýradylan takyk maglumat henize çenli göze ilenok, emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlar bu tabşyrygyň özlerine eýýäm gowşandygyny aýdýarlar.
Bu baradaky habarlar geçen hepde prezidentiň “Daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmegine degişli” permany diýilýän dokument elden-ele geçip başlansoň, il arasynda ýaýrady. 9-njy ýanwarda gol goýlandygy aýdylýan şol dokumentde daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmeginiň şertleri barada gürüň edilýär.
Agzalýan dokumentiň 4-nji maddasyna laýyklykda, “Türkmenistanda ykrar edilmäge degişli diplomlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okuwlaryň möhleti dört okuw ýylyndan, orta hünär okuw jaýlarynda bolsa iki okuw ýylyndan az bolmaly däldir we okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşde bolmalydyr” diýilýär.
Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň tertibi
Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň tertibi
Edil şol maddanyň ikinji bölüminde ýene şeýle diýilýär: “Hünär boýunça okuw meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw (hünär) dersleriniň mazmuny hem-de okuw sagatlarynyň möçberi Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli (ugurdaş) hünär boýunça berilýän bilimlere laýyk gelmelidir” diýilýär.
Ýörite orta bilim berýän okuw jaýynda işleýän we özüni Aýjahan diýip tanadan mugallymyň aýtmagyna görä, gaýybana bilimi baradaky diplomy bolan adamlary şol diplomlary boýunça işe almazlyk barada olara “ýokardan” eýýäm ýörite buýruk berlipdir.
​Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda gaýybana okan ýa-da okap ýörenleriniň sany baradaky statistik maglumatlar elýeterli bolmasa-da, ýokary bilimiň bu usuly boýunça bilim alan ýa-da alýan ýaşlar az däl. Şeýle-de şu ýylam gaýybana okuwa gitmäge isleg bildirýan ýaşlara az duş gelnenok.
Özüni Ýagşymyrat diýip tanadan 25 ýaşly aşgabatly ýigit hem şu ýyl Moskwadaky ýokary okuw jaýlarynyň birine gaýybana okuwa girmegi göz öňünde tutan türkmen ýaşlaryndan. Emma gaýybana okuw baradaky diplomlaryň ykrar edilmejekdigi baradaky gürrüňlerden soň ol indi ikirjiňlenýär.
Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň tertibi
Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň tertibi
“Gaýybana okuw meniň ýaly işläp ýören ýaşlar üçin amatly bolýar. Işden çykmazdan, bilim alyp bolýar. Diplomyň bolmasa seniň daşy ýaryp duran zehiniň bolsa-da, işde wezipe bermeýärler” diýip, Ýagşymyrat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Sowet döwri
Sowet döwründe, hatda ýurt garaşsyzlygyny alanyndan soňam, 90-njy ýyllaryň birinji ýarymynda hem ýurduň ýokary okuw jaýlarynda gaýybana we gijeki okuwlar bardy. Mysal üçin, 1995-nji ýylda ýurtda 15 sany ýokary okuw jaýy bolup, olaryň gaýybana bölümlerinde 8600 student okapdyr. Gijeki bölümlerinde bolsa 400 student bilim alypdyr.
Emma soňra ýurtda ýokary okuw jaýlarynyň okuw orunlarynyň sanynyň azaldylmagy bilen gaýybana we gijeki okuw bölümleri hem ýapyldy. Şol sebäpden gaýybana ýokary bilim almak isleýän ýaşlaryň ählisi daşary ýurtlara gidip okamaly bolýardylar.
“Gaýybana okap, şu ýyl okuwyny tamamlamaly studentlere bu ýagdaý has-da erbet täsir eder. Birnäçe ýyl okap hem-de pul sarp edip, iň soňunda-da diplomlaryny ulanyp bilmejek bolsalar, olaryň bar edenleri biderek bolar” diýip, Ýagşymyrat aýdýar.
Şol bir wagtda-da şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlarynda hem gaýybana okuw bölümleriniň açyljakdygy baradaky gürrüňler bar. Hatda şol okuw üçin tölenmeli puluň möçberiniň kesgitlenendigi hakda hem resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar bar.

Mundan ozalky habarlar
Şol bir wagtyň özünde-de gaýybana okuwlaryň dikeldiljekdigi baradaky habarlar mundan ozalam çykypdy, meselem 2009-njy ýylda kabul edilen ”Türkmenistanyň bilim hakyndaky kanunynda” hem gaýybana okuwa rugsat ediljekdigi aýdylýar.
Emma, kanunyň kabul edilenine eýýäm 5 ýyl geçendigine garamazdan, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda häzire çenlem gaýybana okuw bölümleri açylanok. Ýagşymyradyň pikiriçe, ýurtda gaýybana okuw açylsa, türkmen ýaşlaryna gaýybana ýokary we ýörite orta bilim almak has amatly bolar.
“Daşary ýurda her alty aýdan gidip, ýola pul harçlamasa bolar. Onsoňam, öz öýüňde okanyň gowy. Işdenem köp rugsat almaly däl” diýip, Ýagşymyrat ýurtda gaýybana okuwlar açyljakmyş diýlen habarlar bilen baglanyşykly öz umydyny aýan etdi.
XS
SM
MD
LG