Türkmenistanda ýaş erkekler dini ynançlary esasynda hökmany harby gullukdan ýüz öwrendikleri üçin zähmet- düzedişine höküm edilýär, BMG-niň Adam hukuklary komitetinde Türkmenistandan 11 wyždan ýesiriniň şikaýatyna seredilýär diýip, "Forum – 18" habarlar gullugy ýazýar.
"Forum – 18" ýurt içindäki Ýehowa şaýatlaryna salgylanyp, 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri alty sany Ýehowa şaýadynyň sud edilip, zähmet-düzedişine höküm edilendigini, olaryň soňkusyna 2016-njy ýylyň fewralynda iş kesilendigini aýdýar.
Bu erkekler öz öýlerinde, çäklendirme astynda ýaşamaly we olaryň aýlyklarynyň bäşden biri döwlet tarapyndan tutulyp alynýar diýip, düýbi Norwegiýada ýerleşýän dini habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körliý ýazýar.
Şeýle-de ol häzirki wagtda Türkmenistanda dini ynanjy esasynda harby gullukdan boýun gaçyranlygy sebäpli türmä basylan adamyň bilinmeýändigini aýdýar.
"Ýehowa şaýady, wyždan ýesiri Bahram Hemdemow dini ýigrenje meçew bermek aýyplamasy esasynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, emma ol bu aýyplamany ret edýär" diýip, habarda aýdylýar.
"Forum – 18" Türkmenistanda öňki ýyllarda Ýehowa şaýatlarynyň, hökmany harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin, yzygiderli türmä basylandygyny ýatladýar.
"Irki ýyllarda olaryň käbirine türme tussaglygy hökümi çykarylmadyk hem bolsa, köpüsi türmä basyldy” diýip, Feliks Körliý Ruslan Nargulyýewiň2015-nji ýylyň fewralyndaky günä geçiş esasynda azat edilendigini belleýär.
Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly faktlar, resmi Aşgabat köplenç dymmak bilen garşy alsa-da, halkara hukuk toparlary tarapyndan yzygiderli habar berlip durulýar.
Habarlardan mälim bolşuna görä, BMG-niň Adam hukuklary komiteti 5-nji iýulda Ženewada, ýapyk gapylaryň arkasynda, Graždan azatlyklary we syýasy hukuklar baradaky halkara konwensiýa boýunça, Türkmenistandaky ýagdaýa syn salmaga başlady.
2012-nji ýylda bu komitetde bolan diňlenişik mahalynda Türkmenistanyň hökmany harby gulluga alternatiw graždan gullugyny girizmezliginiň sebäbi soralypdy.
"Forum – 18" indi BMG-niň Adam hukuklary komitetinde Türkmenistanyň 11 raýatynyň, dini ynançlary esasynda hökmany harby gullukdan boýun gaçyran wyždan ýesirleriniň şikaýatlaryna hem seredilýändigini ýazýar. Ol 11 erkegiň dokuz sanysynyň ozalky wyždan bendisidigi aýdylýar.
Türkmen konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda watan goragynyň "mukaddes borçdugy" we her bir erkegiň harby gulluk etmelidigi aýdylýar.
Türkmenistanda erkekler umuman 18-27 ýaş aralygynda, iki ýyl gulluk etmeli. Şonuň bilen bir wagtda, 2013-nji ýylda alternatiw harby gulluk baradaky kanun taslamasynyň hem taslanandygy aýdylýar diýip, "Forum – 18" türkmen resmileriniň bu kanun taslamasy baradaky soraglara jogap bermändiklerini ýazýar.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasynyň 1-nji bölümi esasynda, parahatçylyk wagtynda ýaragly güýçleriň hatarynda gulluk etmekden boýun gaçyranlara azyndan iki ýyl türme ýa iki ýyl zähmet-düzediş hökümi çykarylýar.
"Forum – 18" 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri şeýle höküm çykarylan alty adamyň hemmesiniň aýlyklarynyň 20 prosentiniň döwletiň hasabyna geçirilýändigini, emma olaryň türmä basylmakdan howatyr edip, arz etmekden saklanýandyklaryny habar berýär.