Dünýä Bankynyň geljek ýyllarda dünýä ýurtlarynda boljak ykdysady ösüş barada çap eden täze çaklamasynda Türkmenistanda 2017-2018-nji ýyllarda umumy içerki önümçiligiň garaşylýan ösüşi 5% derejesinde görkezilýär.
Bu san ýurtdan ozalky ýyllara garanda has pes ösüşiň garaşylýandygyny aňladýar. Dünýä bankynyň 2015-nji we 2016-njy ýyllar boýunça çaklamalarynda türkmen ykdysadyýetiniň 8.3% we 8.9% derejesinde ösüş görkezjekdigi aýdylypdy.
Şol bir wagtyň özünde-de türkmen hökümeti şu ýylyň başyndan bäri ýurduň umumy içerki önümçiliginiň 6% ösendigini yglan etdi.
Ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyna degişli halkara prognoz-çaklamalary näme esasynda kesgitlenýär we Türkmenistanyň ykdysady ösüne degişli berlen soňky sanlar nämeden habar berýär?
Azatlyk Radiosy bu sowallary türkmen ykdysadyýetçisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazowa berdi.